- 01/09/2026
- 18
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.
Institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdylyp, institutyň 1-nji ýyl talyplaryna talyplyk şahadatnamalary gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda institutyň “Ýüpek ýollar” aýdym-saz we tans toparynyň çykyşlary, 1-nji ýyl talyplaryň ýürek buýsançlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Ilkinji jaň kakylmagy bilen institutyň 1-nji ýyl talyplary Döwlet Baýdagyna tagzym edip, 2026-2027-nji okuw ýylynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar.
Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Asuda, parahat ýurdumyzda bagtyýarlygyň, berkararlygyň gadamyndan ruhlanan ähli türkmen ýaşlaryny, bilim işgärlerini “Bilimler we talyp ýaşlar güni” bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.





