- 25/08/2026
- 18
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda açylan täze hünäre ilkinji talyplar kabul edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň sanly ykdysadyýeti düýpli ösýär. Döwlet edaralarynyň, hususy düzümleriň we içeri geçiriş üpjünçilik ulgamlarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy ýokary derejeli maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026/2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda täze “Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy” hünäri açyldy we şu okuw ýylynda bu ugur boýunça ilkinji talyplar okuwa kabul edildi.
Häzirki wagtda maglumat diňe bir özboluşly we örän gymmat önüm bolmak bilen çäklenmän, eýsem esasy strategiki serişdedir. Dünýä derejesinde kiberhüjümleriň, sanly maglumatlara rugsatsyz girişiň we awtomatlaşdyrylan ulgamlara amala aşyrylýan howplaryň sany çalt depginler bilen artýar. Şoňa görä-de, awtomatlaşdyrylan ulgamlary, edara-kärhanalaryň syrlary bolup durýan maglumatlary hem-de hususy senagat dolandyryş ulgamlaryny goramak wezipesi döwletiň howpsuzlygynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Täze hünäriň açylmagy ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň hem-de hususy düzümleriniň ýokary hünärli maglumat howpsuzlygy hünärmenleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaklyga hem-de kiberhowpsuzlyk ulgamynda milli intellektual mümkinçiliklerini ösdürmeklige ýardam berer.
Täze hünär boýunça okajak talyplar aşakdaky ugurlar boýunça ýörite bilimleri alarlar:
- Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň nazary we amaly esaslaryny çuňňur özleşdirerler.
- Kriptogoraýyş serişdelerini hem-de maglumat goragy usullaryny işläp taýýarlamagy we ulanmagy öwrenerler.
- Kiberhüjümlere garşy goranmagyň, ulgam we tor howpsuzlygynyň, şeýle hem maglumat infrastrukturasyny dolandyrmagyň usullaryny bilerler.
- Döwlet edaralarynda, harby we senagat desgalarynda ornaşdyrylýan awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň howpsuzlygyny seljermegi we üpjün etmegi başarlar.
- Maglumat howpsuzlygynda hukuk, ykdysady we guramaçylyk çemeleşmelerini özleşdirerler.
Okatmak işleri kämil maddy-enjamlaýyn binýatda alnyp barlar. Talyplar "Kiberhowpsuzlyk we tor goraglylygy", "Kriptografiýa we maglumat goragy", "Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary" we "Häzirki zaman kompýuter serişdeleri" ýaly ýöriteleşdirilen tejribe otaglarynda bilim alarlar. Şeýle hem, olar Wireshark, Kali Linux, Metasploit, Cisco Packet Tracer we beýleki kiberhowpsuzlyk üçin synag programma üpjünçiliklerinden peýdalanarlar.
Türkmenistanda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň çaltlanmagy netijesinde döwlet dolandyryş edaralarynda, maliýe guramalarynda, energetika senagatynda, saglygy goraýyş ulgamynda hem-de harby-senagat toplumynda awtomatlaşdyrylan ulgamlar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmenlere bolan islegiň barha artmagyny şertlendirýär. Açylan bu hünär boýunça bilim aljak ýaşlar geljekde ýurdumyzyň pudaklarynyň maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmenler bilen üpjünçiliginiň üstüni ýetirer.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, sowatly, ukyply bolmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler we edilýän bimöçber aladalar üçin köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.
Şeýle işleriň sakasynda duran Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
Institutyň talyplarynyň hataryna goşulan ýaşlara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris!





