Document

Ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary tamamlandy

Image
  • 24/08/2026
  • 15

Ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary guramaçylykly we adalatly geçirilip, olara jemgyýetçilik gözegçiligi ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlar kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçirildi. Synaglarda dalaşgärleriň zehininiň, bilim derejesiniň, gözýetiminiň we saýlan hünäri boýunça döredijilik ukybynyň ýüze çykarylyşyna gözegçilik edildi. Talyp bolan zehinli ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri hem-de ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet tejribesini toplanlar, döwletiň howandarlygyndakylar hem bar.

Şu ýyl hünärmen maksatnamasy boýunça 10 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 4, magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry açyldy hem-de olara ilkinji talyplardyr magistrantlar okuwa kabul edildi. Täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga-da girişilýär. Umuman, ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada 28 — 31-nji iýul aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guralýar, ýagny häzirki wagtda orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär.

 

Çeşme: https://turkmenportal.com/tm/news/104175-yokary-okuw-mekdeplerinde-giris-synaglary-tamamlandy

Ähli hukuklary goralan.