Document

“Career Path” bäsleşigi geçirilýär

Image
  • 02/03/2026
  • 9

“Career Path” bäsleşigi geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan Watanymyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak we ylymly-bilimli, giň dünýägaraýşly, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Milli Bahar baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Career Path” bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik ýurdumyzyň sanawda görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gelip gatnaşmagynda mart aýynyň 19-na Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilýär:

  1. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
  2. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
  3. S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
  4. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti
  5. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
  6. Türkmen döwlet maliýe instituty
  7. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
  8. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
  9. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy.

Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 2 talyp gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşjak talyp barada maglumat  2026-njy ýylyň mart aýynyň 15-ine çenli ttweiidiller@gmail.com elektron salgysyna ugradylmalydyr. Bäsleşige gatnaşjak talyplar bäsleşik güni şahsyýetini tassyklaýjy resminama bilen gelmelidirler.

Bäsleşige gatnaşyjylar iňlis dilinde tehniki ugra degişli 100 soragdan ybarat bolan testiň soraglaryna jogap bermelidirler. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejedäki diplomlar bilen sylaglanarlar.

 

Guramaçylyk topary

Habarlaşmak üçin:(+99365) 663988, (+99363) 795487

e-poçta: ttweiidiller@gmail.com

Ähli hukuklary goralan.