- 22/11/2021
- 4210
Sanly ulgam we ýaşlar
Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” tassyklanmagy, “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda sanly ylym ulgamynyň ösdürilmegine, maglumat bilim ulgamynyň döredilmegine, ýokary hilli elektron bilim maglumatlarynyň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri açýar. “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylmagy IT tehnologiýalaryna esaslanan netijeli, durnukly hemde özüni ödeýän sanly ylym ulgamyny döretmäge ýardam berer. Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň, nou-haularyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň bu ugurda has-da kämilleşip ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Bu babatda, öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjünçilik, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, okuw wideo we audio materiallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda, Milli bilim institutynda Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi ýurdumyzda sanly ylmy ýola goýmagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Bu merkez ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak bilen, sanly bilim ulgamyndaky dünýä tejribesini öwrenmäge, ony ýurdumyza ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri san ly ulgam üçin zerur bolan iň täze enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 31- nji martynda Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, harby talypla ra “Agzybirlik tilsimaty” hususy kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat bermegi, milli Liderimiziň ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda alyp barýan giň möçberli işleriniň aýdyň beýanydyr. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap ylymly, bilimli, giň gözýetimli bolmagy ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Amansoltan Şiriýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy.