Document

Ylmy makalalaryň ýygyndysy

Image
  • 24/01/2026
  • 34

Ylmy makalalaryň ýygyndysy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ylym ulgamyna halkara standartlaryň ornaşdyrylmagyna, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.

Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz önünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024-2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Meýilnamada bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara arabaglanşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bilim ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur alyp, “Türkmenistanyň tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda”  bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda degişli ugurlar boýunça ylmy-barlag işler yzygiderli alnyp barylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary depginler bilen ösýän Türkmenistan Watanymyzda hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň ýerine ýetiren ylmy-barlag işleriniň netijelerini özünde jemleýän “Ylmy makalalaryň ýygyndysy” taýýarlanyldy.

“Ylmy makalalaryň ýygyndysy” atly makalalaryň ýygyndysynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýar we informatika institutynyň kafedralarynda alnyp barylýan ylmy – barlag işleriniň netijeleri boýunça telekommunikasiýa, radiotehnika, informatika, jemgyýeti öwreniş we beýleki ugurlardan 63 sany ylmy makala jemlenildi.

Bu ylmy makalalaryň ýygyndysynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary giňişleýin ornaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, häzirki zaman infokommunikasiýa tehnologiýalaryny ykdysadyýete we durmuşa giňişleýin ornaşdyrmak, Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň  beýleki wajyp ugurlary boýunça ylmy makalalar getirilipdir.  

Türkmenistanyň Telekommunikasiýar we informatika institutynyň professor- mugallymlary, aspirantlary we alymlyk derejesine dalaşgärleri tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli taýýarlan ylmy makalalaryny öz içine jemleýän “Ylmy makalalaryň ýygyndysy” atly ylmy kitap neşir edildi.

Bu ylmy makalalaryň ýygyndysy telekommunikasiýa we informatika ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan okuw prosessiniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip, ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik isleri üstünliklere beslensin!

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy
Aýna Nyýazgulyýewa.

Ähli hukuklary goralan.