- 22/10/2025
- 2932
Bildiriş!
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmensitanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de ýetip gelýän Täze 2026-njy ýyl mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Hemişelik Bitaraplyk-Baky bagtyýarlyk” atly açyk breýn-ring bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçiriler.
Bu bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 6 sany talypdan ybarat bolan 1 topar gatnaşyp biler. Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde, sorag we ýazmaça jogap görnüşinde bolar. Breýn-ring bäsleşiginiň tapgyrlary alyp baryjy tarapyndan berlen soraglara kesgitlenen wagtda jogap bermek arkaly geçiriler (her soraga 1 minut wagt berilýär).
Bäsleşigiň netijeleri emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda jemlener we ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň eminler topary tarapyndan kesgitleniler.
Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III orunlar bilen yglan ediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň degişli diplomlary we hemaýatkärleriň sowgatlary bilen sylaglanylar.
Habarlaşmak üçin:
Telefon belgisi: +99365628145
itit.brainring@gmail.com





