Document

Zehinli Ŷaşlaryñ ÿürek buÿsançlary

Image
  • 08/08/2025
  • 64

Zehinli Ŷaşlaryñ ÿürek buÿsançlary

     Men Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Serdarowa Aýnabat. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhubelentlik bilen garşy alýar. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Şu ýyl meniň ykbalymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” maňa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu gün men özümiň iň uly arzuwlarymyň birine ýetdim. Uly zähmet, köp okaýyşlar, hiç wagt sönmeýän ynam ýerine gowuşdy. Şu günki üstünlik biziň durmuşymyzda ilkinji ädimimleriň biridir. Men mekdep döwürlerinden başlap taryh we matematika derslerinden ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp baýrakly orunlara eýe boldum. Geljekde hem talyp hökmünde ýurdumyzda we halkara derejesindäki geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp uly ýeňişler bilen begendirjegimi ynandyrýaryn. Şular ýaly okamaga, öwrenmäge, öz zehinimizi yzygiderli artdyrmaga döredip berýän ajaýyp mümkünçileri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby

Serdarowa Aýnabat Serdarowna

Ähli hukuklary goralan.