- 08/08/2025
- 49
Zehinli Ŷaşlaryñ ÿürek buÿsançlary
Men Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Kakalyýýewa Arzuw. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere eýe bolýar. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň müňlerçe bagtyýar ýaşlary bilen bir hatarda maňa hem talyp bolmak bagtly miýesser etdi. Şeýle ajaýyp ýylda ýurdumyzyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institunyň talyby bolanlygyma, ýagny meniň öz buýsanjymyň, begenjimiň çägi ýok. Mekdep ýyllarymyzda ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe medeni çärelere işjeň gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Biz ýaşlara döwrebap derejede bilim almaklyk, ýurdumyzy we halkymyzy beýik geljegimize tarap ynamly alyp gitjek hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçün ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem tehnikanyň we innowasion tehnologiýalaryň iň täze gazananlary bilen ornaşdyrylan, döwrebap derejede bilim almak üçin ähli şertler döredilen. Okuw binasy, ýokary mümkinçiligi bolan kitaphana, internet ulgamyna çatylan uly tizlikli kompýuterler, medeniýet merkezi, sport desgalary talyplaryň hyzmatynda goýulypdyr. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara okamaga, bilim almaga we döretmäge uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri mydama rowaç alsyn.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institunyň 1 ýyl talyby
Kakalyýýewa Arzuw Ýeňişowna