- 24/07/2025
- 93
Tehnologik täzeçillikleriň merkezinde
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim almagy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň bilim we aragatnaşyk ulgamlary tarapyndan ýerine ýetirilýän maksatnamalaýyn çäreler hem oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda 2020-nji ýylyň 5-nji fewralynda döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýan merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Hojalyk jemgyýeti ýokary tehnologiýalaryň dürli ugurlary boýunça hyzmatlary hödürlemek bilen bir hatarda, ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw meýdançasy hökmünde hem üstünlikli iş alyp barýar. Institutyň mugallymlary, talyplary hem-de Aşgabat şäherindäki mekdepleriň okuwçylary bu merkezde öz bilimlerini tejribe arkaly berkidip, döwrebap tehnologiýalar bilen işleşmegiň usullaryny özleşdirýärler.
«Sanly çözgüt — IT meýdança» elektron resminama dolanyşyk ulgamlary, programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy, tor tehnologiýalary, web-saýtlar we mobil goşundylar ýaly giň ugurlarda sanly çözgütleri işläp
düzýär. Merkeziň alyp barýan işleri dürli döwlet edaralarynyň sanly ulgamlaryny kämilleşdirmäge we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Şu günki güne çenli «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti tarapyndan sanly taslamalaryň ençemesi üstünlikli ýerine ýetirildi. Olaryň arasynda ýurdumyzda giň gerimde ornaşdyrylan hem-de uly ähmiýete eýe bolan iri möçberli çözgütler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mysal üçin, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi üçin döredilen «Ýer kadastry geomaglumat ulgamy», Bilim ministrligi üçin taýýarlanan «Bilim maglumat dolandyryş ulgamy» we «Mekdep ulgamy», şeýle-de «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderileri üçin işlenip düzülen «Şahsy otag» ýaly sanly platformalar häzirki döwürde netijeli ulanylýar. Bu taslamalaryň birnäçesi döwlet derejesinde patentlenip, degişli şahadatnamalar bilen resmitaýdan bellige alyndy. Bu bolsa hojalyk jemgyýetiniň ýokary tehniki hem-de innowasion mümkinçilikleriniň döwlet derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
2024-nji ýyldan bäri «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň gatnaşmagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça olimpiadalaryň geçirilmegide asylly däbe öwrüldi. Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň tehnologiýa bilen içgin gyzyklanmaga, döredijilikli pikirlenmäge hem-de IT ugrundan üstünlik gazanmaga bolan höwesini artdyrýar. Geljekde hem hojalyk jemgyýetimiz ýurdumyzyň sanly ösüşmaksatlaryna mynasyp goşant goşmak, ýaşlara ýokary derejeli bilim bermek we döwrebap çözgütleri durmuşa ornaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerini dowam etdirer. Şeýle işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan beýik özgertmeleriň miwesi bolup, şol bir wagtyň özünde hem şol özgertmeleriň has-da işjeňleşmegine goşant goşmaga gönükdirilendir.
Ýagmyrguly GAROWOW,
«Sanly çözgüt — IT meýdança»
hojalyk jemgyýetiniň direktory.