Document

"MenTalyp" ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri üçin synaglara taýýarlyk kömekçi programmasy

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • "MenTalyp" ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri üçin synaglara taýýarlyk kömekçi programmasy
Image
  • 23/07/2025
  • 101

"MenTalyp" ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri üçin synaglara taýýarlyk kömekçi programmasy

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýän ýaşlar üçin niýetlenen «MenTalyp» atly täze mobil goşundy Google Play-de elýeterli boldy.

Goşundy dört esasy bölümden ybarat:

Esasy — bu ýerde resminama tabşyrmak we giriş synaglaryna galan wagt görkezilýär.

Sapaklar — islendik ders boýunça sapaklara we soragnamalara gatnaşmak mümkinçiligi bar.

Okuwlar — Türkmenistanyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň sanawy we olaryň ugry, fakultetleri hakynda giňişleýin maglumatlar ýerleşýär.

Profil — ulanyjynyň şahsy maglumatlary, töleg kartlaryny girizmek we abuna ýazylmak mümkinçiligi bolan bölüm. Tölegler Türkmenistanyň islendik bank kartasy arkaly amala aşyrylýar. 6 aýlyk abuna bolmagyň bahasy 30 manat.

Ulanyjylar ilkinji açylyşda adyny, welaýatyny we telefon belgisini girizip, gelen tassyklama koduny ýazmaly. Şeýle hem, girmäge meýil edýän ýokary okuw jaýy, ugry, degişli sapaklary (meselem, matematika, taryh, iňlis dili) we taýýarlyk wagtyny saýlap, şahsy meýilnama döredip bolýar.

Goşundynyň aýratynlygy — tölegli bolmadyk ýagdaýynda hem okuw maglumatlaryny görmek mümkinçiligi we taýýarlyk derejesi boýunça reýtingli sanaw arkaly netijeleri görmek mümkinçilikleriniň elýeterliligidir.

Goşundy boýunça has giňişleýin maglumaty şu salgyda elýeterdir.

Ähli hukuklary goralan.