- 11/07/2025
- 151
TEJRIBE – HÜNÄR TAÝÝARLYGYNYŇ KEPILI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplara bilim berilýän hünär ugurlarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda programmalaşdyrma serişdelerini, telekommunikasiýa torlaryny we sanly geçiriş ulgamlaryny gurnamagyň prinsipleri, hyzmatlary hödürlemegiň aýratynlyklaryny we bu babatda ulanylýan tehnologiýalaryň, kompýuter programmalarynyň esasy parametrleri we häsýetnamalary barada düşünjeler berilýär. Hünärini kämil derejede bilýän ussat hünärmenleri taýýarlamagyň okuw meýilnamalaryna laýyklykda talyplaryň alan amaly we nazary bilimleriniň tejribeler arkaly berkidilmegi möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar.
2025-nji ýylyň iýul aýynyň 01-21-i aralygynda institutyň mugallymlary we talyplary Rumyniýa Döwletiniň Kluž Napoka şäheriniň tehniki uniwersitetiniň “Kompýuter tehnologiýalary” fakultetinde we bu uniwersitet bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara önümçilik kompaniýalarynda, önümçilik binalarynda okuw tejribeligini geçýärler.
Rumyniýa Döwletiniň Kluž Napoka şäheriniň tehniki uniwersitetinde we bu
uniwersitet bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara önümçilik kompaniýalarynda geçirilýän bu
göçme okuw tejribeligi talyplary alýan nazary we amaly bilimlerini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Okuw tejribeligi döwründe talyplaryň institutda alýan nazary we amaly bilimlerini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Okuw tejribeligi döwründe institutyň talyplary “Tenaris”, “Bosch Zalau”, “Bosch Jucu” we “Emerson” ýaly halkara-önümçilik kompaniýalary tarapyndan öndürilýän telekommunikasion tehnologiýalarynyň görnüşleri, olaryň önümçilik prosesi, esasy häsýetnamalary we gurluş aýratynlyklary, tehnologiki serişdeleri dolandyrmagyň programma üpjünçilikleri bilen ýakyndan tanyş bolmagy institutda berilýän bilimiň hiline oňyn täsirini ýetirýär.
Kluž Napoka şäheriniň tehniki uniwersitetinde işleýän mugallymlar we tehniki laboratoriýalarynyň hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde iki taraplaýyn gelinen netijä laýyklykda göçme okuw tejribeliginde talyplaryň Kluž Napoka şäherinde ýerleşýän kompaniýalary tarapyndan öndürilýän häzirki zaman tehnologiýalary bilen ýakyndan tanyş bolmagyny, olaryň işleýiş aýratynlyklary, tor elementlerini dolandyrmagyň döwrebap usullaryny içgin öwrenmeklerini gazanmak meýilleşdirildi. Şeýle hem kompaniýanyň önümçilik binalaryna iş saparyň dowamyna talyplar önümçilikde ulanylýan tehnologiki prosesler we awtomatlaşdyrylan iş usullary bilen ýakyndan tanyşýarlar we önümleriň doly taýarlanyş prosessine gatnaşýarlar.
Bu geçirilýän okuw-önümçilik tejribeligi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakynda edýän aladasynyň many-mazmunyny aýdyň görkezýär. Şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolsun!
Ýusup Gurbanmämmedow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy