Document

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Image
  • 01/05/2025
  • 56

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Sebitleri we yklymlary biri – biri bilen baglanyşdyrýan ýollary gurmak, döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly durnukly ösüş gazanmaga goşant goşmak hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syüasat strategiýasynda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatda hem-de 4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde guralan “Merkezi Aziýa – Ýewropa bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitde öňe sürlen başlangyçlar ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döredip, Ýewraziýa yklymynda sazlaşykly ösüşi we abadançylygy gazanmak ugrundaky maksatlara ýetmekde işjeň orun eýeleýändigini görkezýär.

Paýtagtymyzda geçirilen halkara maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýändigine ünsi çekmegi umumadamzat ähmiýetli tagallalardan nyşan. Dostlukly döwletiň Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa –Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky birinji sammit bolsa sebitara dialogyň işjeňleşdirilmegi babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Sammitde hormatly Prezidentimiziň çykyş edip, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmegi dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy.

Arkagaly Gahryman Serdarymyz sebitara goşulyşmagy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary, anyk teklipleri öňe sürmek bilen, bu babatda syýasy-diplomatik, maýa goýum, medeni – ynsanperwer gatnaşyklar bilen bir hatarda, strategik ugur hasaplanýan ulag-kommunikasiýa pudagyna aýratyn ähmiýet berdi. Çünki Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunde ýerleşýän Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşmagynda, Gündogar – Günbatar hem-de Günbatar – Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokary derejede ýola goýmaga we yzygiderli esasda ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamlary döretmekde Hazarüsti ugra uly ornuň degişlidigini nygtap, Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň kuwwatyny, ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny degişli taslama üçin ulanmaga taýýardygyny beýan etdi. Döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny döretmek babatda ýurdumyzyň Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we mümkinçiliginden ugur alýandygyna ünsi çekmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Sebitara we halkara derejede durnukly ulag geçelgeleriniň, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi babatda işler ählumumy tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýär. Şu jähetden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramak boýunça işleriň giňden ýaýbalaňdyrylandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama laýyklykda degişli halkara maslahaty şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda Hazaryň merjen kenarynda geçirmegiň kesgitlenmegi ýurdumyzyň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýandigini görkezýär.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” hem-de “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyz sebit meselelerine oýlanyşykly çemeleşmek bilen, üçünji müňýyllykda parahatçylygy we gülläp ösüşi gazanmaga goşant goşmakda anyk işleri amala aşyrýar. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe yklymynda däl, eýsem, dünýä derejesindäki işlerde-de möhüm orun eýeleýändigine ýene bir gezek tassyklaýar.

 

Hanaly Amanow,

 

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.