- 01/05/2025
- 69
Daşary ýurtly myhmanlar bilen dostlukly gatnaşyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär. Bu häsiýet türkmen halkynyň milli däplerinde jemlenýändir we daýanýandyr.
Türkmenler sypaýy, açyk göwünli we myhmansöýer halkdyr. Bu häsiýetleri hem taryhyň ähli döwürlerinde saklapdyrlar we taraşlapdyrlar.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatyny oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gurap, bu ugra gyşarnyksyz eýerýär we döwletara derejesinde oňyn syýasy gatnaşyklary, netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy ösdürýär, şeýle hem abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň gatnaşyk edýär.
Ýurdumyzyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen dostlukly gatnaşygy saklamagy halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.
Häzirki günlerde Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary bilen halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler çözülýär. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bilen bagly işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinýän halkara forumyň hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygy barada alada edýär.
Aýgözel BABAÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mugallymy