Document

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK

Image
  • 24/04/2025
  • 91

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky Bitarap Watanymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostluk hem ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary berkitmäge, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşýan başlangyçlary öňe sürýär, bu ugurda halkara forumlary yzygiderli geçirýär.Ine, 19-njy martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen forum hem sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanylyp, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin strategiki ähmiýete eýe bolan söwda, energetika, transport we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň geljegini nazarlamakda uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň hemişelikBitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahataGahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp,derwaýy smeseleler barada ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlaryny beýan etmegi has-da ähmiýetli boldy.

        Häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän baky Bitarap Watanymyz multimodal ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak, ynanyşmak arkaly abadan durmuşy berkarar etmek ugrunda möhüm taslamalara badalga berýär. Forumda döwrebap we durnukly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmäge hem-de energetiki howpsuzlygyüpjün etmäge aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň durnukly durmuşykdysady ösüşlere, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini şöhlelendirýän bu halkara forum sebitiň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde, derwaýys ugurlarda özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. Baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.


 

Aýna Niýazgulyýewa, Türkmenistanyň

Telekomunikasiýalar we informatika

institutynyň mugallymy

Ähli hukuklary goralan.