- 24/03/2025
- 119
DAŞARY ÝURT DILI SAPAKLARYNDA MAGLUMAT- KOMMUNIKASIÝA TEHNOLOGIÝALARYNY ULANMAK
Maglumat siwilizasiýasy döwründe adamzadyň diňe bir öz üstünde işlemekligi we kämilleşmekligi döwüriň zerur şerti bolmak bilen çäklenmän, eýsem tutuş bilim ulgamynda-da talaplar artdy. Döwrebap bilimiň esasy wezipeleriniň biri täze okuw usullaryny gözlemek we berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdyr. Talyplar çäkli wagtyň içinde köp mukdardaky uly göwrümli maglumaty özleşdirmeli bolýarlar. Bilimiň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin mugallymlar okuw usullaryny üýtgetmäge we okuw prosesini guramagyň täze usullaryny tapmaga mejbur bolýarlar. Okatmagyň netijeliligi we manylylygy meselesi öwrenilen ähli dersler, şol sanda daşary ýurt dillerini öwretmek üçin hem möhümdir.
Häzirki günde biz töweregimizdäki ähli zady, şol sanda adamlary hem üýtgedip biljek häzirki zaman tehnologiýalar dünýäsinde ýaşaýarys. Biziň medeniýetimiziň senagatdan maglumata öwrülmegi, täze okuw usullary bilen utgaşdyrylan sowatlylygyň täze görnüşini talap edýär.
Maglumat döwründe, biz talyplara multimediýa habarlaryna düşünip we baha berip bilmekleri üçin wizual aragatnaşyk endiklerini öwretmeli, şeýle hem internetde köp maglumatlaryň iňlis dilinde berilişinden peýdalanyp, wizual medeniýete girmäge mümkinçilik döretmelidiris. Bu täze bilimleri ösdürmek maksatly mümkinçilikleri döredip bilmekleri üçin, mugallymlar okuwçylaryň zerurlyklaryny we gyzyklanmalaryny kesgitläp bilmelidirler. Wizual sowatlylyk, suratyň käwagt müň sözüň ýerini tutýandygyny görkezýär.
Häzirki zaman dünýäsiniň esasy aýratynlyklary maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we sanly enjamlaryň ösmegi, wakalaryň çalt depginde üýtgemegi, jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän dürli prosesleri guramak üçin täze çemeleşmeleriň ýüze çykmagydyr. Bilim ulgamyndaky innowasiýalar, yzygiderli üýtgeýän dünýäde işlemäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Babaýewa Aýgözel,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy