- 17/03/2025
- 153
Türkmenistanyň ýaşlary: Häzirki zaman synaglaryna taýyn nesil
Türkmenistanyň häzirki zaman talyplary diňe bir teoriýalary öwrenýänler däl. Eýsem olar — ylym taslamalaryna we önümçilik tälimlerine işjeň gatnaşýarlar, olar — ýurdumyzyň geljegi, umydy we goldawy. Tehnologiýalaryň çalt ösmegi täze çemeleşmeleri we däp bolan pikirlenişden daşlaşmagy talap edýän bu döwürde, ýaşlaryň hakykatdaky kynçylyklara taýyn bolmagy we alnan bilimlerini amalda ulanmak ukyby uly ähmiýete eýe.
Sergiň esasy maksatlarynyň biri — ylym, bilim we önümçilik arasyndaky baglanyşygy görkezmekdir. Bu üç ugur arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk, diňe bir özbaşyna gazanmak mümkin bolmadyk ajaýyp netijelere ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Sergide iň öňdebaryjy innowasion taslamalar we oýlap tapyşlar görkezildi. Sergä gatnaşyjylara maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we beýleki ylymlar uguryndaky iň soňky gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berildi. Özüne has uly ünsi çeken taslamalar, önümçilik prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümiň hilini gowulandyrmaga we täze hyzmatlary döretmäge gönükdirilendi.
Bilim ministri bilim edaralary bilen senagat kärhanalarynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlyk talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we olaryň iş bazaryna üstünlikli integrasiýasyna gönükdirilendir, bu bolsa ykdysadyýet we jemgyýet üçin durnukly ösüşe tarap atylan möhüm ädimdir.
Häzirki zaman talyplary ylym taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar we Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynda tälim alýarlar. Bu diňe bir okuw meýilnamasy däl — bu häzirki zaman önümçiliginiň meselelerini täsirli çözmäge ukyby bolan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga ýol açýar. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işleşmegi öwrenýärler, ajaýyp amaly başarnyklary alýarlar we öz işlerinde hakyky hünärmenler bolýar.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary teoretiki okuw bilen amaly sapaklary birikdirmäge çalyşýar, bu bolsa talyplara öwrenilýän materialy has çuňňur düşünmäge we özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Talyplaryň gatnaşýan amaly taslamalary diňe bir teoretiki bilimleri doldurman, eýsem, olar üçin tankydy pikirlenme, gözleg işleri we meseleleri çözmekde döredijilikli çemeleşmeleri ösdürýär.
Bu birikdirme diňe bir talyplara däl, eýsem, täze pikirlere we innowasion çözgütlere elýeterlilik alýan senagat kärhanalaryna-da peýda getirýär. Işgärler önümçilik proseslerine täze gurtar ýelini getirýärler, kärhanalaryň netijeliligini we bäsdeşlik ukyplaryny ýokarlandyrmaga kömek edýärler.
Şuňa görä, häzirki wagtda Türkmenistan häzirki zaman dünýäniň synaglaryna taýyn bolan ýaşlara ýardam berýär. Ylym, bilim we önümçilik arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk üçin şertleri döredip, ýurdumyz durnukly ykdysady ösüş we jemgyýetçilik ösüşi üçin berk binýadyny goýýar. Häzirki zaman bilimleri we amaly başarnyklary alýan ýaşlar, bu oňyn üýtgeşmeleriň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
Türkmenistan — ýaşlar we innowasiýalar bir bolup, mümkinçilikler we üstünliklerden doly geljegi döredýän ýurt. Bu biziň üstünlik we gülläp ösüş ýolumyzdyr.
Bagyýewa Nabat,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy.