Document

Parahatçylyk we ynanyşmak

Image
  • 17/03/2025
  • 68

Parahatçylyk we ynanyşmak

Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge uly üns berip gelýär. 1995­nji ýylyň 12­nji dekabrynda ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklarydyr hyzmatdaşlygy has­da iş­ jeňleşýär. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, daşary­syýasy başlangyçlar munuň aýdyň nyşanydyr. Şol teklipler dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar we möhüm meseleleriň çözülmegine uly goşant goşýar. Bu ýerde gürrüň, ozaly bilen, halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek we birnäçe baş­langyçlar barada barýar.

Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetlilige daýanýan dostdoganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaş­syz Türkmenistanyň parahatçylyk söýü­jilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär.

BMG­niň Baş Assambleýasynyň 12­nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi, birnäçe Kararnamalary kabul etmegi, şol sanda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem­de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy bo­ýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giň goldawa eýe bolmagynyň kepilidir. Bu ýagdaý hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmegi bilen bagly bolup durýar. Bu bolsa 2025­nji ýylyň ähmiýetini has­da artdyrýar.

Mährijemal Hallyýewa,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň uly mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.