- 14/03/2025
- 62
Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdi
Eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilýän ylym-bilim ulgamynyň geljegi has-da aýdyňlaşýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda-da guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. 2025-nji ýylyň 2-10-njy mart aralygynda hem Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy-da munuň aýdyň güwäsidir.
Halkara olimpiada ýurdumyzdan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeli Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Bu olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda Albaniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa Respublikalaryndan 35 sany ýokary okuw mekdeplerinden düzülen toparlarda 150-den gowrak talyp çykyş etdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada özleriniň zehinlerini görkezip jemi 26 medala, ýagny 3 Altyn, 10 Kümüş, 13 sany Bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Ödaýewa Medine Baş Baýragy eýeledi.
Şu gün 12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda halkara olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglandyryş dabarasy boldy. Aýdym-sazly dabaraly çäräniň dowamynda halkara olimpiada talyplary taýýarlan mugallymlara we altyn, kümüş we bürünç medallaryny eýelän zehinli talyplara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şular ýaly halkara olimpiadalara gatnaşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Salgylanma: https://www.education.gov.tm/news-details/2900