- 11/12/2024
- 58
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde guralýan okuwlara gatnaşýarlar
Ozal habar berlişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw saparynyň» (IVLP) çäklerinde guralýan «Ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak: hyzmatdaşlyk we täjirleşdirmek» atly okuwlara gatnaşmak üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we dolandyryş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýarlar.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara saglygy goraýyş institutynda okuwlar guraldy. Oňa amerikan tarapyndan professor Karl Western, hanym Stefani Fertig, ylymlaryň doktory Andrea Wurster gatnaşdylar.
Halkara saglygy goraýyş instituty saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biri bolup, ol kesellere düşünmek, bejergileri we saglygy goraýyşy kämilleşdirmek üçin ylmy-barlaglary geçirýär we goldaýar. Halkara saglygy goraýyş instituty 24 sany merkezden ybaratdyr we olaryň her biri aýratyn ylmy ugurlar boýunça ýöriteleşendir. Mysal üçin:
Milli onkologiýa instituty (National Cancer Institute) – onkologiýa bilen bagly keselleri öwrenýär we oňa garşy göreşýär;
Milli ýürek, öýken we gan instituty (National Heart, Lung, and Blood Institute) - ýürek-damar we öýken keselleri boýunça ylmy-gözleg işlerini alyp barýar;
Milli akyl saglygy instituty (National Institute of Mental Health) - akyl bozulmalary we olaryň bejergileri boýunça iş alyp barýar. Institut ýokary okuw mekdepleri we saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlykda öz gözleglerini geçirýär. Bu institut täze dermanlary, anyklaýyş we dürli keselleriň öňüni almak usullaryny döretmekde dünýäde möhüm orny eýeleýär.
Institut saglygy goraýyş ulgamynda innowasiýalary goldamak üçin dürli başlangyçlar we maksatnamalar arkaly telekeçiler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we hususy sektorlar bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk, ylmy açyşlary hakyky bejeriş usullaryna we önümlerine geçirmek işini tizleşdirmäge ýardam berýär.
Institut bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek we täze önümleri ösdürmek üçin hususy kompaniýalar we maýadarlar bilen işjeň aragatnaşygy saklaýar. Ol ylmy açyşlaryň täjirçilik meýdançalaryna geçirilmegine ägirt uly ýardam berýän transfer tehnologiýalaryndan hem üstünlikli peýdalanýar. Bu amallar arkaly telekeçiler we hususy kompaniýalar täze dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny ýa-da anyklaýyş usullaryny döretmek, bu ugurda patentleri we ylmy gözlegleri ulanmak üçin Institut bilen ygtyýarnama almak babatda şertnamalary baglaşýarlar. Tehnologiýalary ygtyýarlylandyrmak üçin Institutda «NIH Office of Technology Transfer (OTT)» ýaly ýörite merkezler hereket edýär.
Mundan başga-da, Institut telekeçilere öz pikirlerini, ideýalaryny ösdürmäge we ylmy netijeleri täjirleşdirmekdäki päsgelçilikleri ýeňip geçmäge kömek etmek üçin dürli okuw meýilnamalaryny we halypaçylyk maksatnamalaryny hödürleýär. Bu maksatnamalar telekeçilere ylmy açyşy bazara çykaryp boljak üstünlikli önüme nädip öwürmelidigine düşünmäge kömek edýär.
Halkara saglygy goraýyş institutynyň durmuşa geçirýän bu tagallalary lukmançylyk innowasiýalaryny çalt depginde ösdürmäge we biotehnologiýa, dermançylyk we lukmançylyk pudaklarynda durnukly ösüşi üpjün etmäge itergi berýär.
Soňra Halkara bilim institutynyň halkara hyzmatdaşlyk merkeziniň işgärleri Cori Crisfield we Sylvia Jons bilen türkmen wekiliýetiniň söhbetdeşligi geçirildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara bilim institutynyň Halkara hyzmatdaşlyk merkezi alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk maksatnamalary arkaly halkara akademiki we hünär aragatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek bilen meşgullanýan meşhur guramadyr. Onuň esasy iş ugurlary aşakdakylardan ybarat:
1) dünýäniň bilim edaralarynyň talyplarynyň, professor-mugallymlarynyň we alymlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we alyş-çalyş maksatnamalaryna goldaw bermek;
2) bilim we medeni hereketlilige ýardam berýän maksatnamalary işläp taýýarlamak we dolandyrmak;
3) halkara bilim ulgamynda ylmy-barlaglary amala aşyrmak we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda maglumat alyş-çalşyny goldamak;
4) ýokary okuw mekdeplerine durnukly halkara aragatnaşygy we hyzmatdaşlyk strategiýalaryny döretmäge ýardam bermek.
Hanym Cori Crisfield çykyşynda Halkara hyzmatdaşlyk merkeziniň akademiki alyş-çalyş we halkara hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäginde dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlary, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtap geçdi.
Hanym Cori Crisfield çykyşynyň ahyrynda dünýäniň ýurtlary bilen alnyp barylýan oňyn halkara hyzmatdaşlygyna daýanyp, Türkmenistan bilen hem gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklary barada söhbetdeşlige gatnaşanlara maglumat berdi.
Türkmen wekiliýetiniň Jorjtaun uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory jenap Deýwid Edelşteýn bilen geçiren söhbetdeşligi has-da täsirli boldy.
Jorjtaun uniwersiteti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşip, esasan ylmy-barlag işlerini alyp barýan hususy ýokary okuw mekdebidir. Ol 1789-njy ýylda esaslandyrylýar, häzirki wagtda ol dünýäniň iň gadymy we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýar. Uniwersitet akademiki ussatlygy, şeýle hem taýýarlygyň halkara gatnaşyklary, hukuk, işewürlik, lukmançylyk we ynsanperwer ylymlary ugurlary boýunça ýokary hilli bilim maksatnamalary bilen meşhurdyr. Häzirki wagtda Jorjtaun uniwersitetinde bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça 19 000-e golaý talyp bilim alýar. Ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini kesgitleýän dürli guramalaryň sanawynda ABŞ-nyň abraýly ilkinji 20 ýokary okuw mekdebiniň hatarynda durýar, halkara gatnaşyklary ugry boýunça dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdeligi eýeleýär. Uniwersitet Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Günorta Koreýa we beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Jorjtaun uniwersitetiniň Katar döwletiniň Doha şäherinde ýeke-täk şahamçasy (campus - Georgetown University in Qatar) hereket edýär. Şahamça Katar döwletiniň sargydyna laýyklykda Jorjtaun uniwersitetiniň bilim standartlaryna laýyklykda diňe bakalawr maksatnamasy boýunça hünärmenleri taýýarlap, okuwy üstünlikli tamamlanlara uniwersitetiň ýokary bilim hakyndaky resminamasyny berýär.