- 09/12/2024
- 56
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary dowam edýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde türkmen wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde kabul edildi. Duşuşyga amerikan tarapyndan Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça Býurosynyň jemgyýetcilik diplomatiýasy bölüminiň işgäri jenap Jonathan Meýer, Türkmenistan bölüminiň işgäri jenap Iverson Long, şol býuronyň Maksatnamalar boýunça işgäri hanym Rosie Edmond, Global hyzmatdaşlyk müdirliginiň direktory, Bilim we medeniýet işleri boýunça býurosynyň daşary ýurtly myhmanlar bilen işleşmek bölüminiň işgäri hanym Çikita Jekson, we Döwlet departamentiniň «Fulbright» maksatnamasynyň ýolbaşçysy hanym Sarah Sullivan gatnaşdylar.
Duşuşykda amerikan tarapy türkmen wekiliýetini amerikan topragynda mübärekläp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän okuw saparlarynda üstünlikleri arzuw etdiler hem-de Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň, Global hyzmatdaşlyk müdirliginiň bilim babatda alyp barýan esasy iş ugurlary barada giňişleýin tanyşdyrdylar.
Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň esasy wezipesiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasatynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlarynda üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmakdan ybaratdygy, onuň diplomatiýa, howpsuzlyk, bilim, ykdysadyýet, adam hukuklary we ösüş meselelerini öz içine alýandygy we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen sebitdäki döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary utgaşdyrýandygy, Global hyzmatdaşlyk müdirliginiň Döwlet departamentiniň hökümetler, iri halkara guramalary, hususy pudaklar we raýat jemgyýeti bilen strategiki hyzmatdaşlygy döretmäge we berkitmäge gönükdirilen gurluş birligidigi bellenilip geçildi.
Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosy şu aşakdaky möhüm maksatnamalar we başlangyçlar arkaly sebitde bilimiň ösmegine goşant goşýar:
1) ABŞ bilen Günorta we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň bilim hem-de medeni gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen «Fulbraýt» alyş-çalyş maksatnamasyny goldamak;
2) bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, täze okuw usulyýetleri girizmäge we bilim hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen tehniki we maliýe kömegini bermek arkaly sebitdäki ýurtlarda bilim ulgamlarynyň ösmegine ýardam bermek;
3) Günorta we Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin talyp haklaryny we grantlary bermek.
Amerikan tarapy bilim babatda Türkmenistan bilen ýokary hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi, has takygy, «Fulbraýt» alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meselesini öwrenmegi öňe sürdi.
Soňra türkmen tarapyna söz berildi. Türkmen tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli bilim syýasatynyň esasy ugurlary, gysga wagtyň içinde ýurdumyzda, şol sanda, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bilim ulgamlarynyň arasynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýetilen sepgitler barada duşuşyga gatnaşyjylar giňişleýin tanyşdyryldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Bilim ministrliginiň umumybilimden soňky bilim departamentiniň Halkara aragatnaşyklar bölüminiň direktorynyň orunbasary hanym Jennifer Hong tarapyndan türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary bilim ulgamynda Federal hökümetiň orny» atly okuw sapagy guraldy.
Bilim ministrligi 1980-nji ýylda birnäçe federal agentlikleriniň birleşdirilmegi netijesinde döredilip, häzirki wagtda 4200-e golaý işgär zähmet çekýär. Bilim ministrligi üçin bölünip berilýän maliýe serişdeleri bilim üçin federal maliýe kömegi syýasatyny kemala getirmäge we olara gözegçilik etmäge gönükdirilýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Bilim ministrliginiň umumybilimden soňky bilim departamenti ýokary bilimiň hilini gowulandyrmaga we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty we kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň esasy wezipesi bilim edaralarynda bilim beriş işini gowulandyrýan federal maksatnamalary işläp taýýarlamakdan, dolandyrmakdan we durmuşa geçirmekden, bilimiň hilini ýokarlandyrmak we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmek arkaly okaýanlaryň üstünliklerini we global bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem hünär bilimini almakda talyplara maliýe goldawyny bermekden ybaratdyr.
Okuw sapagynyň dowamynda bilim işiniň hiliniň derejesine täsir edýän san maglumatlary berildi, şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okaýanlara Pella granty arkaly federal maliýe goldawynyň, şeýle hem bilim karzlary arkaly goldaw berilýändigi bellenip geçildi.
Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara pedagoglar birleşiginde (NAFSA) söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlige amerikan tarapyndan Konferensiýalar we global hyzmatdaşlyk boýunça direktoryň orunbasary jenap Roderik Uilson hem-de akademiki meseleler we halkaralaşmak boýunça baş direktor hanym Dale Lafler gatnaşdylar.
NAFSA 1948-nji ýylda döredilip, halkara bilim ulgamynda iri birleşikleriň biridir, ol akademiki alyş-çalyş we halkara bilim maksatnamalary boýunça işleýän pedagoglary hem-de hünärmenleri özüne jemleýär. Häzirki wagtda onuň 10 000-den gowrak agzasy bar. NAFSA-nyň esasy wezipesi bilim maksatnamalarynyň ösdürilmegine ýardam bermekden, ylmy-gözleg işlerine goldaw bermekden, ylmy maslahatlary, sergileri guramakdan, şeýle hem bilim we hünär taýdan ösmek üçin maliýe goldawyny hödürlemekden ybaratdyr.
Söhbetdeşlikde daşary ýurt döwletleriniň üstünlikli işleýän ýokary okuw mekdepleri we olar bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, alyş-çalyş maksatnamalarynyň çägini has-da giňeltmek, institusional goldawy ösdürmek boýunça iň oňat tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi