Document

Polşadaky olimpiadadan medallar çemeni

Image
  • 15/11/2024
  • 35

Polşadaky olimpiadadan medallar çemeni

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, halkara bilim bäsleşiklerindäki üstünlikleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 7 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadada hem üstünlikli çykyş edip, oňat netijeleri görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanly talyplar şahsy bäsleşikde 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç medala mynasyp boldular. Şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Balkan Jepbarow, Meňli Rahmedowa, Emir Wellekow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medine Ödäýewa, Nurmyrat Ataýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow altyn medala; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Söhbet Maksadow, Hajymuhammet Ataýew, Döwlet energetika institutynyň talyby Muhammet Annaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Batyr Öwezmyradow, Muhabbat Zafarjanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Döwletgeldi Esenow, Daniýar Emirkulyýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gülşat Akmämmedowa kümüş medala; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şabibi Nurjanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Azymgeldi Şyhow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ýazjuma Nurjaýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Döwlet energetika institutynyň talyplary Baýram Turaýew, Nurmuhammet Goçyýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Begenç Saparow, Döwlet Nurmyradow, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Maksat Akmyradow, Öwezgeldi Mukmyradow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ramazan Nurýagdyýew bolsa bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar.

Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda pugta binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. Oňa täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalary many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryna möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmen ýaşlarynyň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly sanly bilim Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi geçirilýän halkara bäsleşikleriň we ders olimpiadalarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Katowisede geçirilen halkara matematika olimpiadasyna hem Türkmenistandan, Polşadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Wengriýadan we Özbegistandan talyplar gatnaşdylar. Şeýle zehin bäsleşikleri ýaşlaryň diňe bir alýan bilimini çuňlaşdyrmagyna, ylmy pikirleniş ukyplarynyň ösmegine oňaýly täsir etmän, eýsem, olaryň dünýä derejesinde batly depginler bilen ösýän bilimiň, sanly ulgamyň, innowasion tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaklaryna-da ýardam berýär. Häzirki wagtda talyplarymyz Russiýa Federasiýasynda, Albaniýada, Özbegistanda geçiriljek halkara matematika olimpiadalaryna işjeň taýýarlyk görýärler.

"Türkmenistan"

14.11.2024ý. №292

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

Ähli hukuklary goralan.