Document

Ses buýruklary arkaly dolandyrylýan "Akylly öý" ulgamy

Image
  • 27/09/2024
  • 84

Ses buýruklary arkaly dolandyrylýan "Akylly öý" ulgamy

    Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda” 340 belgili kararyna hem-de 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda yzygiderli işler alnyp barylýar we durmuşa geçirilýär. 
    Täze döredilen ses buýruklary arkaly dolandyrylýan “Akylly öý” ulgamy esasy üç sany funksional bloklardan ybarat:
    1)    Identifikasiýa - binanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin binadaky enjamlary we abzallary diňe rugsady bar bolan ulanyjylara dolandyrmaga mümkinçilik bermek üçin niýetlenen;
    2)    Dolandyryş - binadaky enjamlary ulanyjy tarapyndan aralykdan dolandyrmaklygy üpjün edýär;
    3)    Signalizasiýa - binada ýüze çykýan käbir adatdan daşary howply ýagdaýlar hakyndaky maglumatlary ulanyja tiz wagtda iberýär.
    Ses buýruklary arkaly dolandyrylýan “Akylly öý” ulgamynyň identifikasiýa funksional blogy üçin barmak yzynyň identifikatory we işlenip düzülen programma üpjünçiliginiň kömegi bilen ses boýunça identifikasiýa ulanyldy.  Ulanylan identifikatorlar, hasaba alynmadyk adamlara öýe girmäge rugsat bermeýär.
    “Akylly öý” ulgamynyň ulanyjysy, öýünden daşlaşan ýagdaýynda, Internet toruna birigip, adaty ses buýruklarynyň kömegi arkaly, dünýäniň islendik ýerinden hojalykda ulanylýan elektron enjamlary aralykdan dolandyrmak mümkinçiligine eýe bolýar.
    Signalizasiýa funksional blogynyň esasy wezipesi howply ýagdaý hakyndaky (temperaturanyň ýa-da çyglylygyň derejesi kadadan ýokary galmagy, öýe birugsat giriş amala aşyrylmagy) habaryň ulanyja SMS arkaly iberilmegi.
    “Akylly öý” ulgamynda diňe bir elektrik enjamlary dolandyrmak mümkinçiliginden başga hem öýe awtoulaglaryň giriş çykyşyny awtomatiki ýagdaýda dolandyrmak üçin programma üpjünçiligi işlenip düzüldi. Öýüň derwezesiniň ýanynda ýörite kamera ornaşdyrylýar we golaýlap gelýän awtoulagyň belgileri maglumatlar bazasyna girizilen bolsa, onda kamera belgini tanaýar we girmäge rugsat berýar. Eger-de awtoulagyň belgisi maglumatlar bazasynda ýok bolan ýagdaýynda, programma üpjünçiliginde “Sizi tanamadym” diýen belgi peýda bolýar.
Geçirilen barlaglaryň esasynda ses buýruklary arkaly dolandyrylýan “Akylly öý” ulgamyň programma üpjünçiligi we işçi modeli döredildi.
    Türkmen ýaşlaryna döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagyzymyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Döwrangeldi Suwhanow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Ähli hukuklary goralan.