Document

Biometriki identifikasiýa barlag ulgamy

Image
  • 27/09/2024
  • 50

Biometriki identifikasiýa barlag ulgamy

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere aýratyn uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ençeme täze önümçilik maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Her bir gurulýan desga müňlerçe täze iş orunlary döretmek bilen ykdysadyýetiň ösüşine oňaýly täsir edýär.
    Ýokarda mysal getirilen ägirt uly desgalarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek we bu desgalarda işlejek köp sanly hünärmenleriň işini talaba laýyk gurnamak üçin ýörite hasaba alyjy identifikasiýa ulgamlaryny ulanmak maksada laýyk bolup durýar.   
    Ýurdumyzda dünýäniň ösen tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak, dünýäniň ösen innowasiýalaryny erk edip bilýän ýaş hünärmenleri ýetişdirmek we daşary ýurtlardan getirilýän täze tehnologiki enjamlaryň ornuny tutup bilýän birnäçe tehnologiýalary ýurdumyzda öndürmek ýaly meselelere uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan köp işgär sanly täze gurulýan önümçülik we senagat maksatly desgalarda howsuzlyk talaplaryny üpjün etmek üçin we işgärleriň işe gatnaşyklaryny hasaba alýan identifisirleýji ulgamyň täze tehnologiki modelini işläp taýýarlamak ylmy taýdan öwrenmekligi talap edýän wajyp mesele bolup durýar. Şeýle ulgamy işläp taýýarlamak bir tarapyndan ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmekligine gönükdirilen maksatnamada goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly ähmiýeti bar, başga tarapdan bolsa hereket edýän we täze döredilmeli köp işgär sanly senagat we önümçilik desgalarynda howpsuzlyk we hasaba alyjylyk işlerini awtomatlaşdyrmakda uly mümkinçilikleri döreder.  
    Şol sebäpli bu taslama işde täze hasaba alyjy identifikasiýa ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde biometriki maglumatlar esasynda işleýän hasaba alajy ulgamyň täze tehnologiýasy düzüldi. Bu ulgamy ödürmek üçin tehniki resminamalar taýýarlanyldy, olara ulgamyň elektron shemasynyň topologiýasy, mikrokontrolleriň we pereferiýa enjamlaryň iş kadalary, kontroller we iş terminaly üçin täze programma üpjünçiligi işlenip düzüldi.
    Identifikasiýa ulgamyny has aňsatlyk bilen işe goýmak üçin ýörite awtomatlaşdyrylan programma üpjünçiligini işläp düzüldi we Ýaş Alymlar geňeşinde ulanylýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde Biometriki hasaba alyş ulgamynyň programma üpjünçliligi özüniň optimal ýagdaýda işleýändigini, ulgamyň özi bolsa otag temperatura bilen kanagatlanyp, aýratyn sowadyjy enjamlaryň gerekliginiň ýokdugyny görkezdi. Netijede ulgam özüniň ýalňyşlyk ähtimallygynyň has ujypsyzdygyny we saýlanyp alynan mikroprosessoryň ýeňillik bilen işläp bilýänligini subut edildi.

Döwrangeldi Suwhanow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Ähli hukuklary goralan.