- 27/09/2024
- 58
Iki ok boýunça gün energiýasynyň intensiw akymynyň düşýän burçyna awtomatlaşdyrylan sazlanýan ulgam
Bu ulgam günden gelýän ýagtylyk energiýasyny optimal derejede elektrik energiýasyny almaga niýetlenen. Onuň ýerine ýetirýän wezipesi – günden gelýän ýagtylygy gün batareýasynyň kömegi bilen elektrik togyny yokary derejede almak. Gün şöhleleri gün batareýasyna perpendikulýar düşen wagty onuň energiýa öndürijilik ukyby beýleki ýagdaýlara seredeniňde has işjeň bolup durýar. Onuň üçin gün paneliniň gündiziň islendik islendik wagty Güne perpendikulýar ýagdaýda saklamagy üpjün etmeli. Ony amala aşyrmak üçin Günüň hereketini yzarlaýan ulgamy döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde “Gün yzarlaýan gün batareýasy” ulgamyny taýýarlamak üçin amatly tehnologiýalar kesgitlenildi.
Esasy wezipeleriň birini dört sany fotorezistor ýerine ýetirýär. Fotorezistora Günden gelýän ýagtylyk şöhleleri tasir edip, üstünden akyp geçýän toguň garşylygy üýtgeýär. Olar atanak ýagdaýda ýerleşdirilip, arasyny ýagtylyk geçmez ýaly diwar bilen bölünen. Fotorezistorlaryň aýaklaryna 220 kOm rezistory yzygider birikdirip, 5 wolt naprýaženiýa berýäris. Bu zynjyrda fotorezistor bilen rezistoryň aralygyndan mikrokontrollere bir sim geçirýäris we onuň üsti bilen fotorezistoryň garşylyk derejesini kesgitläp bolýar. Eger-de fotorezistorlaryň ählisine hem ýagtylygyň düşme koeffisenti deň bolsa, onda Gün batareýasy öňki durkuny üýtgetmez. Emma olaryň haýsy birine ýagtylygyň mukdary beýlekilere seredeniňde az düşse garşylyk derejeleri hemmesiniňki deňleşýänçä Gün paneliniň hereket ýagdaýy ýagtylyk az düşýän fotorezistoryň garşylykly tarapyna dowam eder. Şeýlelikde giňişligiň islendik nokadyndan ýagtylyk düşse ýa-da ol ýagtylyk çeşmesi hereket etse gün paneli hem şol ýagtylyk çeşmesine tarap öz ugruny üýtgeder. Döredilen ulgam Gün şöhlesinden elektrik energiýasyny optimal derejede ýitgisiz almaklyga effektiw täsirini ýetirer.
Döwrangeldi Suwhanow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty