- 27/09/2024
- 33
MQTT PROTOKOLY ESASYNDA IŞLEÝÄN AWTOMATLAŞDYRYLAN INKUBATOR
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň gözelliklerini aýawly saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli esasda bolşy ýaly, ählumumy möçberde ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şuňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ulanylýan enjamlaryň elektron shemalarynyň topologiýalaryny we degişli programma üpjünçiligi ýurdumyzda öndürmek örän wajyp we gysga wagtda çözülmeli meseleleriň biridir.
Awtomatlaşdyrylan inkubator ulgamy birnäçe funksional bloklardan ybarat bolup, olaryň her biri degişli amallary ýerine ýetirip, alan netijeleri barada maglumatlary dolandyryjy enjama (mikrokontrollere) iberýär. Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň taslama usullaryna bildirilýän talaplaryna laýyklykda funksional bloklara gutarnykly gurluşlar hökmünde seretmek teklip edilýär. Şol sebäpli awtomatlaşdyrylan inkubator ulgamy taslananda, her bir funksional bloguny gutarnykly gurluş hökmünde öwrenmek maksada laýykdyr. Şol sebäpli awtomatlaşdyrylan inkubator ulgamy üçin amatly elektron shemalarynyň topologiýasynyň we programma üpjünçiliginiň ýurdumyzda döredilmegi örän aktual işleriň biridir. Bu ylmy işde awtomatlaşdyrylan inkubator ulgamyny düzýän tehnologiýalara içgin seljerme berildi. Bu ylmy işde awtomatlaşdyrylan inkubator ulgamynyň has amatly, ykdysady taýdan tygşytly görnüşi işlenip düzüldi.
Awtomatlaşdyrylan inkubator esasy üç sany funksional bloklardan ybarat:
1) Identifikasiýa - inkubatoryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin rugsady bar bolan ulanyjylara dolandyrmaga mümkinçilik bermek üçin niýetlenen;
2) Dolandyryş - ulanyjy tarapyndan aralykdan dolandyrmagyny üpjün edýär
hem-de ulanyjy awtomatlaşdyrylan inkubatorda bolup geçýän hadysalary kamera arkaly gözegçilik edýär;
3) Signalizasiýa – awtomatlaşdyrylan inkubatorda ýüze çykýan käbir adatdan daşary howply ýagdaýlar hakyndaky maglumatlary ulanyja we degişli gulluklara tiz wagtda iberýär.
Awtomatlaşdyrylan inkubatoryň gutarnykly işçi modeliniň identifikatoryna ulanyjynyň barmagy galtaşdyrylanda identifikasiýa prosesi amala aşyrylýar. Eger, galtaşdyrylan barmak yzynyň suraty ulgama girizilen bolsa, onda awtomatlaşdyrylan inkubatoryň gapysy açylýar. Gapyny gulplamak prosesi hem şu yzygiderlikde amala aşyrylýar. Eger, galtaşdyrylan barmak yzynyň suraty ulgamda görkezilmedik bolsa, ulgam hiç bir işi ýerine ýetirmeýär. Netijede, rugsat berilen adamlardan başga hiç bir şahsyýet awtomatlaşdyrylan inkubatory dolandyryp bilmeýär. Howply ýagdaý hakynda, ýagny temperaturanyň we çyglylygyň derejesi kadadan ýokary baha eýe bolan halatda ýa-da birugsat giriş amala aşyrylan ýagdaýynda ulanyja SMS arkaly habar berilýär. Mysal üçin: temperaturanyň görkezijileri kadadan ýokary geçen ýagdaýynda degişli maglumat ulanyja ugradylýar. Awtomatlaşdyrylan inkubatory dolandyrmak üçin Android platformasyna niýetlenen programma üpjünçiligi JAVA we C++ dillerinde işlenip düzüldi ýagny bu ulgamy Android platformasynda işleýän smartfonlaryň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Ulgamy iş ýagdaýyna getirmek üçin öz mobil telefonymyzda programma üpjünçiligini işe göýberýäris.
Döwrangeldi Suwhanow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty