- 27/09/2024
- 31
MQTT PROTOKOLY ESASYNDA IŞLEÝÄN AWTOMATLAŞDYRYLAN ÝYLADYŞHANA
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň gözelliklerini aýawly saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli esasda bolşy ýaly, ählumumy möçberde Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň gür baglyga bürenmegini nazarlaýan köpçülikleýin çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Bu köpçülikleýin çäre Milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinde beýan eden ekologiýa başlangyçlary ähli halk goldawyna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu işlere adamlaryň saglygyny berkitmekde, ilatyň doly derejeli durmuşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmeginde möhüm ýagdaý hökmünde aýratyn ähmiýet berýär.
Işde baglary suwarmakda käbir ýüze çykýan kynçylykly taraplary aradan aýyrmak maksady bilen suwaryş işini awtomatlaşdyrmakda dürli tejribe barlaglaryny geçirildi. Bu işi ýerine ýetirmegiň iň bir amatly we netijeli usuly suwarylmaly topraga ýörite topragyň çyglylygyny ölçeýji sensory ulanmak bilen awtomatlaşdyrmak has hem ygtybarly bolup durýar. Sensor toprakda çyglylygyň derejesiniň azalanlygy hakynda degişli maglumaty dolandyryjy mikrokontrollere geçirýär we çyglylygyň derejesi kadadan pes bolan halatynda beklenen suw kanallaryny açmak prosesini amala aşyrýar. Ygtybarly usul hökmünde kesgitlenen awtomatlaşdyrylan gurluşyň toplumy enjamlaşdyrylanda ilkinji nobatda ulanylmaly elementler topragyň çyglylygyny ölçeýji sensor, dolandyryjy mikrokontroller, beklenen suw kanalyny açmak we ýapmak üçin serwo (iki taraplaýyn aragatnaşykly) motor ulanylýar. Sensoryň alan maglumatlaryny mikrokontrollere ýüklenen degişli programmada seljerilýär, ýagny ölçeg geçirilýän topragyň haýsy çyglylyk derejesinde suw kanalyny serwo motoryň kömegi bilen açmalydygyny görkezilýär we çyglylyk derejesi kadaly ýagdaýa ýetende suw kanaly awtomatlaşdyrylan ýagdaýda ýapylýar. Çyglylyk derejesiniň ululyklaryny şertlendirmeklik üçin suwarylýan topragyň hilini we suwa mätäç bolan ösümligiň fiziologiki aýratynlyklaryna aýratyn seljerme bermeklik zerurdyr. Bu ýagdaýa kompýuteriň we ýörite displeýiň berýän interfeýsleriniň kömegi bilen gözegçilik amala aşyrylýar. Ulanylýan mikrokontrolleriň her biri on sekiz sany topragyň çyglylygyny ölçeýji sensory dolandyrmaga ukyply. Diýmek, bir kontroller on sekiz sany nokat üçin degişli dolandyrylyşy amala aşyrýar. Mikrokontrollerleriň umumy toplumyny dolandyrmak üçin esasy kompýutere birikdirmeklik maksada laýyk hasaplanylýar. Onuň üçin bolsa, degişli az energiýa sarp edýän kompýuter taslanylyp, ony gün batareýasynyň üsti bilen iýmitlendirilýär.
Döwrangeldi Suwhanow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty