- 31/01/2024
- 821
HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM PUDAGY
Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hasaplanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu ulgamy milli bähbitlerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, okgunly ösdürýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, raýat awiasiýasynyň işini yzygiderli pugtalandyrýar. Şu ýylyň 5-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze uçar gelip gowuşdy. Bu täze uçar hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. Ýurdumyzyň awiakompaniýasy dünýäniň köpsanly döwletleri we yklymlary bilen halkara ýolagçy howa gatnawlaryny giňeltmegi, ilkinji nobatda, «Boeing» kysymly uçarlary ulanmak arkaly amala aşyrýar. Häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak we tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda, yzygiderli gözegçilikde saklamaga ýardam edýär. Bu bolsa uçarlary uzak möhletiň dowamynda ulanmagyň, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň awiasiýa pudagynyň uçarman we inžener düzüminiň öňdebaryjy amerikan tehnikasyna erk etmekde ussatlygyň ýokary derejesine eýe bolandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda uçarmanlar düzümini, ýolbeletleri, howa arkaly daşamalary amala aşyrýan agentligiň awiasiýa howpsuzlygynyň we beýleki degişli düzümleriniň işgärlerini taýýarlamak boýunça gysga möhletli okuwlary hem-de iş tejribelerini guramak işleri alnyp barylýar. Türkmenistanda bar bolan awiaparkyň netijeli giňeldilmegi strategik häsiýete eýe bolup, ykdysady we üstaşyr bähbitleri gazanmagy maksat edinýär. Milli awiakompaniýamyzyň Aziýanyň iň howpsuz awiakompaniýasynyň biridigi hasaba alnanda, onuň sebit daşamalarynda öňdebaryjy bolmagy üçin ähli şertler bar.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Howa ulagynyň hyzmatlarynyň dünýä bazaryna goşulyşmagy bilen, raýat awiasiýasy Garaşsyz Türkmenistana daşary ýurtlarda wekilçilik edýär hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny durmuşa geçirmek wezipesini ýerine ýetirýär. Ulag ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi bu öňdengörüjilikli strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Gündogar bilen Günbatary, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan ýollaryň çatrygynda, häzirki wagtda täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan bu ugurda uly kuwwata eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köp şahaly multimodal üstaşyr-ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Şeýle düzümleriň bolmagy sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Halk bähbitli, döwlet, sebit, dünýä ähmiýetli şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulşeker
MÄMMETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy.
Çeşme: Türkmeniň ýüpek ýoly gazeti
24.01.2024ý. senesinde çykan sany