- 19/01/2024
- 669
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ALTYN HALKASY
Özara bähbitliligi, köpugurlylygy bilen tapawutlanýan daşary syýasatymyz we halkara gatnaşyklarymyz hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmelerine daýanýar. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa, suw, ulag-üstaşyr, ekologiýa diplomatiýalary bilen baglanyşykly taglymatlarynyň rowaçlanmagyna şert döredýär. Bu meseleler boýunça sebit we dünýä ähmiýetli asylly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Dünýä döwletleri bu ýörelgeleri türkmen Bitaraplygynyň işjeňleşmeginiň aýdyň nusgasy hökmünde ykrar edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan geosyýasy we geografiki mümkinçiliklerini, ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny milli we umumadamzat bähbitleriniň hatyrasyna peýdalanmaga gönükdirilen syýasaty alyp barýar. Gurlup ulanmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gazgeçirijileri diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, dünýä möçberinde örän uly taryhy ähmiýete eýedir. Ylmyň we tehnikanyň ösen derejesinde, durnukly ulag ulgamynyň kemala gelmeginde hem-de kämilleşmeginde Türkmenistan uly mümkinçiliklere eýedir. Dünýäde ýokary depginde ösýän döwletleriň hataryna goşulan ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ulag ulgamyny ösdürmek ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyndan habar berýär. Türkmenistanyň Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) Ylalaşygyna goşulmagy Ýewropa, Kawkaz, Gara deňiz we Hazar deňzi sebitlerinde, Aziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygy, söwda, ulag ugurly gatnaşyklary ösdürmekde, harytlaryň halkara gatnawyny işjeňleşdirmekde hem-de ýeňilleşdirmekde, hereketleriş howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag syýasatyny sazlaşdyrmakda, ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekde möhüm orny eýelär. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär.
Ýegendurdy Ýagmyrow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.