- 19/01/2024
- 471
Döwrebap tehnologiýalar bilen ösüş ýolunda
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleri kämilleşdirmäge gönükdirilen «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň goşulmagy bu ugurda guwandyryjy ädimlerden habar berýär. Bu sanawda dünýä uniwersitetlerine 6 ugur — uniwersitet düzümleri we olaryň daşky gurşawa täsiriň energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileriň galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we ylmy gözlegleri suwdan rejeli peýdalanmak, ulag syýasaty boýunça baha berilýär. 2021-nji ýylda bu abraýly sanawa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup Telekommunikasiýalar we informati ka instituty goşuldy. Institut 2022-nji we 2023-nji ýyllarda hem bu sanawda mynasyp orun aldy. Bu görkeziji, döwlet derejesinde bolşy ýaly, bilim ojagymyzda hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak, bu ugurda ylmy we bilimi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berilýändiginiň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, BMG tarapyndan kabul edilen «Gün tertibi — 2030-yň» durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň biri bolup Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmegiň ugurlaryny kesgitledi. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si ni we olardan gelip çykýan wezipelerdir görkezijileri resmi taýdan kabul etdi. Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplara maglumat ulgamlary hem-de tehnologiýa lary, programma inženerçiligi, kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi, hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy, awtomatlaşdyr ma we amaly informatika ýaly hünärler boýunça bilim berilýär. Häzirki zaman sanly hyzmatlaryny hödürleýän elektron kitaphanamyz yzygiderli baýlaş dyrylýar. Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň garama gyndaky ylmy barlaghanalarda, döwrüň talabyndan ugur alnyp, täze başlangyçlaröňe sürülýär. Bu geňeşiň başlangyjy bilen ýokary okuw mekdebimizde innowasion oýlaptapyşlaryň sergileri guralýar. Institutda «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti hereket edýär. Onda sanly ykdysadyýete geçmek üçin programma üpjün çilikle ri döredilýär we ýokaryde rejeli IT hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Arkadag Serdarlybag tyýar ýaşlar ýyly institutyň durmuşynda üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Geçen ýyl talyp ýaşlarymyz halkara olimpiadalarda, «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalar bäsleşiginde, mugallymlarymyz, aspirantlarymyz we talyplarymyz halkara ylmy bäsleşiklerde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşikde abraýly orunlara mynasyp boldy. Bilim ulgamyny yzygiderli ösdürip, ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç bolsun!