- 22/11/2021
- 1655
Kafedranyň hepdeligi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda kafedranyň hepdeligini geçirmek barada
DÜZGÜNNAMA
Umumy düzgünler
1.1 Bu Düzgünnama institutda kafedralaryň hepdelikleriniň geçirilişi bilen baglanyşykly düzgünleri kadalaşdyrýar we oňa gatnaşýan ähli subýektleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
1.2 Düzgünnama Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Tertipnamasyna, Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda işlenip düzüldi.
2. Maksatlary we wezipleri
2.1 Kafedranyň hepdeligi talyplarda degişli dersleri çuňňur öwrenmeklige, dersara baglanyşyklara we hünär modullaryna bolan düpli gyzyklanma döretmek maksady bilen geçirilýär.
2.2 Kafedranyň hepdeliginiň wezipeleri:
- döredijilik meselelerini çözmeklikde okuw prosessinde berlen bilimi we bar bolan başarnyklary tejribede ulanmak;
- talyplarda döredijilik işjeňligini we tankydy pikirlenmek ukybyny döretmek;
- talyplaryň umumy we hünär başarnyklaryny ýüze çykarmak;
- talyplaryň okaýan derslerini we sapakdan daşary özbaşdak işlerini özleşdirmegi arkaly ele alan hünär taýýarlygyny iş ýüzüne üstünlikli geçirişlerini köpçülikleýin görkezmek;
- mugallymlaryň iş tejribesinde innowasion usullardan peýdalanylyşyny görkezmek we olaryň döredijilik kuwwatyny kämilleşdirmek;
- okuw prosessine okatmagyň häzirki zaman pedagogiki tehnologiýalaryny, işjeň usullaryny we okatmagyň täze görnüşlerini ornaşdyrmak;
- mugallymlar bilen talyplaryň arasyndaky halypa-şägirt gatnaşygyny pugtalandyrmak.
3. Kafedranyň hepdeligini guramak we geçirmek.
3.1 Kafedranyň hepdeligi institutyň usuly iş meýilnamasy esasynda geçirilýär.
3.2 Kafedranyň hepdeliginiň meýilnamalary kafedranyň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylýar we Düzgünnama laýyklykda taýýarlanyp, institutyň Ylym bölümi tarapyndan tassyklanylýar, şeýle hem kafedranyň müdiri tarapyndan kafedranyň hepdeliginiň geçirilip başlamagyndan 1 (bir) aý öňünden meýilnamanyň çap edilen we elektron görnüşdäki nusgalary Ylym bölümine tabşyrylmalydyr.
3.3 Kafedranyň hepdeliginiň meýilnamasyna aşakdakylar goşulmalydyr:
- Kafedranyň hepdeligini geçirilşine gatnaşýan mugallymlaryň döwrebap pedagogik endiklerinden, öňdebaryjy tehnologiýalardan, bilim bermek prosessini gurnamagyň dürli görnüşlerinden we usullaryndan peýdalanyp bilýändigini görkezýän açyk umumy we tejribe sapaklarynyň meýilnamalary;
- sapakdan daşary geçirilýän çäreler: konferensiýalaryň, olimpiadalaryň, geçilen dersleri gaýtalamak sapaklarynyň, ukyp bäsleşikleriniň, wiktorinalaryň, oýunlaryň, ýaryşlaryň, zehin bäsleşikleriň, hünär bäsleşikleriň, tematiki taslamalaryň köpçülige hödürlenmegiň, ýyllyk işleriň we taslamalaryň, teatrlaşdyrylan sahnalaryň, ekskursiýalaryň we ş.m. çäreleriň maýilnamalary;
- çeper döredijilik: plakatlaryň, diwar gazetleriniň, çap edilen işleriň nusgalary, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergileriniň, talyplaryň hünär taýýarlygyna gönükdirilen surat ýaryşlarynyň bäsleşikleriniň tertibi.
3.4 Kafedra tarapyndan maglumat hökmünde geçirjek çäreleriniň sanawy, olaryň geçiriljek wagty we ýeri barada 2 (iki) hepde öňünden bildiriş edilmelidir.
3.5 Kafedranyň hepdeligi geçirilende kafedra degişli ähli mugallymlar oňa gatnaşmalydyr.
3.6 Kafedranyň hepdeligi geçirilýän döwri institutyň rektorlygy, Okuw bölümi, jemgyýetçilik guramalary we dekanlyklar hepdelige degişli geçirilýän çärelere gatnaşyp, talyplaryň bilim derejesini, umumy we hünär başarnyklaryny, mugallymlaryň pedagogiki we hünär ussatlyklaryny, çäreleriň geçirilýän otaglarynyň we tejribehanalaryň usuly üpjünçiligini seljermelidirler.
3.7 Kafedranyň hepdeliginiň çäginde geçirilen çäreleriň beýanlaryny we suratlaryny institutyň çäginde ýerli tor arkaly işleýän elektron ulgamynda ýüklenilmelidir. (Ulgamda ýerleşdirilmeli maglumatlary ders hepdeligi tamamlanandan soň 2 (iki) günüň dowamynda institutyň Okatmagyň tehniki serişdeleri bölümine tabşyrmaly).
4. Geçirilen kafedranyň hepdeliginiň jemlerini jemlemek.
4.1 Kafedranyň hepdeliginiň çäklerinde meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilşini ara alnyp maslahatlaşmak boýunça degişli kafedrada ýygnak geçirilmeli.
4.2 Geçirilen hepdeligiň netijeleri boýunça institutyň Ylym bölümine şu aşakdakylar tabşyrylmalydyr: geçirilen ähli çäreleriň hasabatlary we geçirilen çäreler barada resmileşdirilen beýleki maglumatlaryň çap edilen we elektron görnüşdäki nusgalary.
4.3 Kafedra tarapyndan geçirilen hepdeligiň hasabaty institutyň Okuw-usuly geňeşinde diňlenýär we kafedranyň ýyllyk hasabatynda görkezilýär.
4.4 Kafedranyň hepdeliginiň jemi jemlenende degişli çärelere gatnaşan talyplara we mugallymlara setifikatlar, diplomlar we hormat hatlary gowşurylyp bilner.