Türkmenistanda 27-nji dekabrda ýylyň jemlerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • Türkmenistanda 27-nji dekabrda ýylyň jemlerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler
Image
  • 23/12/2023
  • 135

Türkmenistanda 27-nji dekabrda ýylyň jemlerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Aşgabat şäheriniň häkimligine hem-de Söwda-senagat edarasyna beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün — 21-nji dekabrda gol çekdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi şu halkara ylmy-amaly maslahat, sergiler we dabaralar bilen bagly alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary derejede we guramaçylykly jemlemek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we şu ýylda ýurduň ýaşlarynyň bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda gazanan üstünliklerini aýdyň açyp görkezmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: turkmenportal.com

Ähli hukuklary goralan.