«Ýaşyl» ýangyçly ilkinji transatlantik uçuş

Image
  • 11/12/2023
  • 256

«Ýaşyl» ýangyçly ilkinji transatlantik uçuş

     Angliýadan ABŞa ilkinji gezek 100 göterim «ýaşyl» ýangyçly uçar syýahaty amala aşyrylar. «Virgin Atlantic» kompaniýasynyň «Boeing 787» uçary bilen amala aşyryljak uçuş London NýuÝork aralygynda ýerine ýetiriler. Bu başlangyç awiasiýa pudagynyň howa zeper ýetirmezden dowam etdirilip bilinjekdigini görkezmegi maksat edinýär. Bu uçuşda iýmit galyndylaryndan, öýhojalyk zibillerinden we iýmit ýagynyň galyndylaryndan öndürilen biologik ýangyçdan peýdalanylar. Synag uçuşy üçin degişli barlaglar geçirilenden soňra Birleşen Patyşalygyň raýat awiasiýa edarasyndan rugsat alnypdyr. Bu başlangyja uçar motorlaryny öndüriji «RollsRoyce» bilen BP energiýa kompaniýasy we beýleki birnäçe kompaniýa goldaw berýär. Bilermenler uçaryň biologik ýangyç ulananda, kömürturşy gazyny çykarýandygyny, emma onuň adatdakydan örän azdygyny belleýärler.

 

Arslan Gylyjow,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň talyby

Zaman-Türkmenistan 48/1562

Ähli hukuklary goralan.