Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Image
  • 11/12/2023
  • 137

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi

2023-nji ýylyň netijeleri esasynda ýakynda neşir edilen «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetiniň reýtingine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi girdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

UI GreenMetric World University Rankings – uniwersitetleriň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe ýardam etmek barada isleginiň ýyllyk görkezijisidir. Hususan-da, dünýä uniwersitetlerine alty görkeziji, ýagny uniwersitet düzümleri we onuň ekologiýa täsiri, energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri, galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we bu ugurda ylmy barlaglar, suwdan rejeli peýdalanmak, ulag syýasaty ýaly ugurlar boýunça baha berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti öňe saýlandy, ol geçen ýyldakydan 205 dereje öňe gidip, 432-nji orna geçdi. Uniwersitet jemi 6660 utuk toplap, dünýä uniwersitetlerine baha bermegiň ähli ölçegleri babatda gowy netijeleri görkezdi.

Görkezijä täze goşulan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem işiniň netijeliligi bilen tapawutlandy, ol 456-njy orny eýeläp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden sähel yza galýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisiniň: S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň ilkinji gezek görkezijä girendigini bellemek gerek.

Ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bu görkezijä ozalam gatnaşýarlar.

Görkezijini Indoneziýa uniwersiteti 2010-njy ýyldan bäri düzýär. Birinji görkezijä 96 uniwersitet gatnaşdy, indi onuň döredilen gününden bäri oňa gatnaşyjylaryň sany ençeme esse artdy. Şu ýyl «UI GreenMetric» görkezijisine 85 ýurtdan ýokary okuw mekdepleriň 1183-si goşuldy.

Görkezijä gatnaşmak üçin uniwersitetleriň her ýyl berýän degişli maglumatlaryny garaşsyz halkara hünärmenleri, alymlar barlaýarlar we derňeýärler. Maglumatlara baha bermek we utuklar esasynda uniwersitetleriň eýelän orny ählumumy sanawda beýan edilýär. Jemleýji netijeler dekabr aýynda çap edilýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2021-nji ýylda «UI GreenMetric» görkezijisine ilkinji bolup girdi. Soňra, 2022-nji ýylda sanawda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ikisi – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bu sanawa goşuldy.

Bu ýyl bolsa dünýä sanawyndaky ýokary okuw mekdepleriň sany sekize ýetdi. Bu ýagdaý ýokary okuw mekdeplerde-de, döwlet derejesinde-de ekologiýa, daşky gurşawy goramak, bu ugurda ylmy we bilimi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge çalyşýar we durmuş, ykdysady we ekologiýa taýdan tutuş dünýä boýunça durnukly ösüşe gönükdirilen daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak babatda halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň birnäçesine gatnaşýar diýlip, habarda bellenilýär.

 

Ähli hukuklary goralan.