KURAŞ BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY: ÄHLI ÝOLLAR AŞGABADA ALYP BARÝAR

Image
  • 01/12/2023
  • 244

KURAŞ BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY: ÄHLI ÝOLLAR AŞGABADA ALYP BARÝAR

Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bosagasynda duran häzirki günlerimizde bu ýaryşyň eýýäm başlanmanka iň iri sport baýramçylyklarynyň biri hökmünde taryha girjekdigini ynamly aýdyp bolar. Çünki ýaryş eýýäm oňa gatnaşjaklaryň sany boýunça rekord goýdy. Häzirki maglumatlara görä, bu dünýä birinjiligine gatnaşmak üçin jemi 490 adam Aşgabada geler. 53 ýurtdan paýtagtymyza geljekleriň hatarynda türgenler (243), tälimçiler, eminler we beýleki resmi wekiller bolar. Ýeri gelende ýatlasak, bu görkeziji geçen 13 çempionatyň rekkordçysy hökmünde bellige alnan 2022-nji ýylyň Hindistanda guralan dünýä çempionatyndan hem 126 adam artykdyr.

Gözel paýtagtymyz eýýäm ajaýyp baýramçylyga taýýar. Aşgabadyň ajaýyp köçelerini bezeýän ýazgylarda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň sport mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Çempionata gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord görkezijiniň bellige alnandygyny, bu sanyň has-da artyp biljekdigi hakyndaky hoş habar bolsa sport ýurdy hökmünde dünýädäki abraýyny günsaýyn pugtalandyrýan Türkmenistanyň şeýle ajaýyp sport baýramçylyklaryny guramakdaky hem-de geçirmekdäki tejribesiniň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dünýä ýaň salypdy. 2018-nji ýylda geçirilen «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk derejesi hem hemmeleri haýrana goýupdy. Elbetde, biziň bu möhüm wakalary ýatlamagymyzyň düýp sebäbi Türkmenistanyň bu ugurdaky baý tejribesini görkezmek bilen bagly.

Türkmenistanly agyr atletikaçy gyzyň 2021-nji ýylda Tokioda geçen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan medaly bolsa türkmen sportunyň şöhratly gelejeginiň görkezijisidir.  

Şu ýylyň tomsunda türkmen paýtagtynda 12 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin tennis ýaryşy hem sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapdy.  Eziz Watanymyz Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem milli sportumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakadyr.

Ine, indi bolsa Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär.

Nobatdaky dünýä çempionatynda türgenler medallar toplumynyň 15-si ugrunda göreş düşekçesine çykarlar. Dünýä çempionaty erkekleriň 7 agram derejesindäki (60kg, 66kg, 73kg, 81kg, 90kg, 100kg, +100kg), zenanlaryň bolsa 8 agramdaky (48kg, 52kg, 57kg, 63kg, 70kg, 78kg, 87kg, +87kg) bäsleşiklerini özünde jemlär.

Ýaryşa gatnaşjak erkekler ýygyndy toparymyza Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, ozalky SSSR-iň sport ussady Dörtguly Tejenow talim berýär. Zenanlar ýygyndy toparymyza bolsa halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şirin Kubaýewa tälimçilik edýär. Erkekler toparymyza türgenleriň 7-siniň — Wepa Awliýakulyýewiň (60 kg), Döwlet Hamrakulyýewiň (66 kg), Şatlyk Jumanyýazowyň (73 kg), Daýanç Omirowyň (81 kg), Sanjar Abdyrahmanowyň (90 kg), Ruslan Esgerowyň (100 kg) hem-de Sapa Sapaýewiň (+100 kg) çykyş etmegine garaşylýar. Zehinli türgenleriň 8-si — Aýşirin Haýdarowa (48 kg), Aýnur Amanowa (52 kg), Gülşat Annaýewa (57 kg), Dinara Rozykulowa (63 kg) Mariýa Lohowa (70 kg), Sabina Kadyrowa (78 kg), Jahan Muhammedowa (87 kg) hem-de Sabina Agajanowa (+87 kg) dagy bolsa zenanlar ýygyndymyzyň düzümini bezär. Görşümiz ýaly, türkmen türgenleriniň agramlaryň ählisine wekilçilik etmegi hem-de olaryň hemmesiniň diýen ýaly iri ýaryşlarda netijeli çykyş etmegi başaran ussatlar bolmagy ildeşlerimiziň dünýä çempionatynda uly üstünliklere ýetjekdiklerine ynamyňy artdyrýar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň dünýä çempionatyna görýän taýýarlyk işleriniň jemleýji bölegi 20-nji oktýabr — 21-nji noýabr aralygynda Arkadag şäheriniň zerur mümkinçilikleriň ählisini özünde jemleýän Köpugurly sport toplumynda geçdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektoratynyň kömegi bilen ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalary bir aýyň dowamynda psihologlaryň hem-de massaž-bejergisi boýunça hünärmenleriň ýardamyndan peýdalandylar. «Ussat inžener» hususy kärhanasy bolsa türgenleriň kaloriýaly iýmitler hem-de witaminlere baý bolan dürli görnüşli naharlary özünde jemleýän menýu bilen üpjün etdi.   

Indi türkmen türgenlerine Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek üçin yhlaslaryny gaýgyrman göreşmek galýar. Olar gazanjak ajaýyp netijeleri bilen türkmen halkynyň Milli Liderini we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bütin halkymyzy begendirjekdiklerine ynandyrýarlar.

Ähli hukuklary goralan.