Document

San­ly do­lan­dy­ryş dur­mu­şy­myz­da

Image
  • 26/10/2023
  • 412

San­ly do­lan­dy­ryş dur­mu­şy­myz­da

Türkmenistan Watanymyzda bilim ulgamy, sanly dolandyryş we medeni gatnaşyklar güýçli depginde ösýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde saýtlaryň we dürli hilli portallaryň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Talyp ýaşl a r we mekdep okuwçyla ry saýtlardan gündelik sapakla ry üçin zerur okuw maglumatlaryny tiz wagtyň dowamynda tapyp, alyp, ulanyp bil ýärler. Şeýle hem, olar daşary ýurtlaryň mekdepleriniň sanly ulgamyna birigip, özara sapaklary we maslahatla ry geçirmäge, pikir alyşmaga mümkinçilik alýarlar. XXI asyrda inn o w a s i o n teh no logiýalar batly depginde ösýär we bilim ul ga mynda giňden peýda la nylýar, öwre nişdöw ri hi li taýdan has-da ýoka ry we peý da ly gör nü şe öw rülýär. Bu bolsa ta lyp la ryň we okuw çy la ryň bi li mi niň dere je si niň ös me gi ne ge tir ýär. Sanly dolandyryşynyň ösüşi hakda aýdanymyzda, Arkadag şäheri hakda agzamak has-da ýakymlydyr. Bu ägirt uly şäheriň köp bölegi awtomatik görnüşde dolandyrylar. Şäheriň düzümindäki ähli köçe-ýol hereketiniň tertibi, binalaryň işi we beýleki hasaplaýyş işleri ýoka ry tehnologiýalar, täsin intellekt arkaly üpjün ediler. Arkadag şäheri Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäherdir. Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz tarapyndan Arkadag şäheriniň bagtyýarlygyň şäheri hökmünde kemala gelmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Täze şäheri ählitaraplaýyn üpjün etmek üçin dünýäniň ýokary tehnologiýalary öndüriji döwletlerinden getirilen dürli hilli ulgamlar we kommunikasiýa serişdeleri ornaşdyrylýar. Belent maksatlar ile, ýurda bagt getirýär.

Ähli hukuklary goralan.