Document

TÜRKMEN

Image
  • 25/10/2023
  • 425

TÜRKMEN

Agras gopar, agras gürlär oturar, Ýeňlesiň örüsin dar eder türkmen. Tutanyn goparar, gitse getirer, Getirjek ýerine ugur eder türkmen. Howlukmaz, darykmaz, gözlär uzagy, Mertebesi — baş baýlygy, bezegi. Ýamanyň ýoluna gurmaz duzagy, Ýagşydan-ýagşyny döreder türkmen. Lebzihalal bolsaň, bir Haka uýsaň, Başyna täç eder, iliňi söýseň, Oda-köze düşer, namysa goýsaň, Gysymynda daşy kül eder türkmen. Bagry badaşandyr ene ýer bilen, Nesibesin gözlär, tapar der bilen, Dost bolar niýeti düzüwler bilen, Betpäliň pälini düzeder türkmen. Bezär, tämiz saklar köňül köşgüni, Gözünden görüner ýürek joşguny, Biraz kine saklasa-da hoş güni, Ýow gününde agzyn bir eder türkmen. Eger, gider bolsa uzak menzile, Çöpe-çöre urmaz, ýörär ýol bile, Biri ýagşylygyn çolasa dile, Kesesinden garap, ar eder türkmen. Gülküsin gizlemez, agysyn gizlär, Bu günün arzylar, ertirin gözlär, Mesgen tutan ýerin eder lälezar, Ýok diýip ýaýdanmaz, bar eder türkmen. Geňeş etseň, tapman ýörär ýoluňy, Özüniňki saýar düşen halyňy, Toýuna sarp eder ýygnan malyny, Bir-birine müýnsüz sereder türkmen. Är işin edeniň ýüzüne öwmez, Käýinse-de pälin ýamana düwmez, Duşmany bolsaň-da, toýundan kowmaz, Göwnüňi hoş edip, ugradar türkmen. Baş egeni söýmez, egilmez başy, Söýeneni — dost-dogany, gardaşy, Imany, ynsaby, lebzi — ýoldaşy, Şular bilen özün zor eder türkmen. Mert bolsaň dost bolar, gardaşyň bolar, Gussaly günüňde syrdaşyň bolar, Hak ýolunda bolsaň ýoldaşyň bolar, Pederleriň ýolun ýöreder türkmen. Alabaýy bilen meleguşuny, Özüne deň görüp, sypar başyny. Baýlyga çalyşmaz köňül guşuny, Daýym däli göwnün baý eder türkmen. Bu gün ony bütin dünýä tanaýar, Arkadag Serdarly beýgeldi Diýar. Durmuş täzelenýär, döwür özgerý

Ähli hukuklary goralan.