- 25/10/2023
- 565
BILIM—BAGTYŇ ÇYRAGY
Berkarar döwletiň tä ze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşli ýollar da ynamly öňe barýar. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz da ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim alma gy üçin ähli şertler döredilýär. Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk dereje de pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açdy. Türkmenistanyň ylymbilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa, Watanymyzyň ylymbilim ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne ýaýmak üçin şert döredýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň işi ni döwrebap derejede guramak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça dün ýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamy na geçmek babatynda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol san da bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşa ry ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylymbilim merkezle ri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýoka ry okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilimterbiýeçilik, ylym, sport, medeniköpçülik işlerini, döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmek de sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegine badalga berýär. Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolma gy üçin beýik işle ri durmuşa geçirýän Arkadag ly Serdarymyzyň ja ny sag, döwletli işleri rowaç bolsun!