- 22/11/2021
- 1401
“Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigi
“Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň
Sergi bäsleşigi hakynda
DÜZGÜNNAMA
1.“Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny talyplarynyň arasynda Sergi bäsleşiginiň (mundan beýläk - bäsleşik) geçirilişini düzgünleşdirýär.
2.Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady şu aşakdakylardan ybaratdyr:
- ylym bilen meşgul bolýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olaryň esasy dersleri öwrenmeginiň hilini we ylmy-barlag işlere gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak;
- ylma höwesli zehinli ýaşlary ylmy we hünär döredijiligine, ylmy-barlag we önümçilik işine çekmek;
- talyplaryň ylmy-barlag tejribehalalarda, gurnaklarynda alan bilimlerini we endiklerini amaly taýdan ulanmaklygyna ýardam bermek;
- talyplaryň iň gowy ylmy we inžener taslamalaryny, talyplaryň we mugallymlaryň okuw we ylmy-barlag işlerine degişli hyzmatdaşlyk taslamalaryny giňden ýaýratmak;
- önümçilige ornaşdyrmak, döwlet we halkara sergisine gatnaşdyrmak üçin has oňat işleri saýlap almak.
3.Bäsleşige institutyň ähli talyplarynyň gatnaşmak hukugy bardyr.
4.Serginiň eksponatlary şu aşakdakylardan ybarat bolmaly:
- senagatda, halk hojalygynda, maglumat-telekommunikasiýalar ulgamynda, ylymda we durmuşda ulanylýan tehnikanyň we tehnologiýanyň derejesini şöhlelendirýän tehniki enjamlar, programma üpjünçiligi, robotlar, modeller, nusgalar, mehanizmleriň hakyky görnüşleri, abzallar we enjamlar;
- tehniki işläp düzmeler, taslamalar;
- telekommunikasiýa ulgamynyň programma we apparat üpjünçiligi;
- Industriýa 4.0, Zatlaryň Internedi, Uly göwrümli maglumatlar (Big Data), Emeli aň, Senagat enjamlaryň Internedi, Bulutly tehnologiýalar, Ümürli tehnologiýalar, paýlaşdyrylan reýestr, Hyýaly hakykat, Goşulan hakykat, Sensorlaryň simsiz tory, Kiberhowpsuzlyk tehnologiýalar boýunça ylmy-barlag işleriň netijeleri we ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi;
- maketleriň, robotlaryň, beýleki innawasion tehnikalaryň we programma üpjünçiliginiň görnüşleri;
- häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny, kompýuterleri we telekommunikasiýa serişdelerini ulanyp işi amaly taýdan guramagyň dürli görnüşleri we ş.m.
7.Serginiň eksponatlaryna umumy talaplar:
- eksponatlar sergiler üçin niýetlenen görnüşde taýýarlanylmaly we häzirki zaman dizaýnyň we estetikanyň talaplaryna laýyk gelmeli;
- abzallar we apparatlar işleýän görnüşinde bolmaly;
- ähli eksponatlar ýangyn we elektrik howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmeli;
- eksponatlarynyň hereket edýän ähli bölekleri howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeli;
- eksponatlar talyplaryň öz güýji bilen sergä getirilmeli we yzyna äkidilmeli.
8.Sergä getirilen işlere baha bermek üçin institutyň rektory tarapyndan bäsleşigiň Eminler topary döresilýär we tassyklanylýar;
9.Sergini geçirmegiň maksatnamasynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
- Sergä hödürlenen işleriň Eminler toparynyň gatnaşmagynda goralmagy (şunda eminler topary tehniki we tehnologiki çözgütleriň täzeçilligine, işiň aktuallygyna we amaly häsiýetine, talyplaryň köpçülikde çykyş edip bilmek endiklerine we ukyplaryna, saýlanan temanyň maksadalaýyklygyna we onuň gatnaşyjy tarapyndan esaslandyrylyşyna baha berýärler);
- Taslamanyň goralmagy üçin gatnaşyja 7 minut wagt berilýär. Eminler toparyna taslamanyň ylmy işlere esaslanýandygy ýa-da taslamanyň çylşyrymlylygy bilen baglanyşykly berlen wagty uzaltmak hukugy berilýär.
10. Sergini geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektorlygy amala aşyrýar.
12.Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine täsir etmegiň mümkinçiligi bolan taslama işleriň awtorlary, şeýle hem olaryň ylmy ýolbaşçylary eminler toparynyň hödürlemegi boýunça institutyň ýörite Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanylýar.
13.Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň işleriniň tezisleri institutyň “Innawasion taslamalar” atly kitapçada çap edilýär.
14. Bäsleşigiň ýeňijileri “Innowasiýalaryň bäsleşiginiň ýeňijisi” diýen ada eýe bolýarlar we ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklere institut tarapyndan hödürlenilýärler.