AªGABAT

Image
  • 23/10/2023
  • 200

AªGABAT

Seýran etdim gözel Aşgabada men, Tämizligi göýä ap-ak gar eken. Bir tylla ýüzügiň göwher gaşy deý, Gün nuruna öwşün atyp dur eken. Howasy melhemdir, şypadyr jana, Çüwdürimler ýetsem diýýär asmana, Baksam, Erem deýin bagy-bossana, Şahasynda guşlar daranýar eken. Taryhy bar gaýdan telim asyrdan, Bu owadan ýerler güle basyrlan, Eşidilýär şirin mukam, şirin heň, Diňleseň, nepesiň durlanýar eken. Buýsanjyňdan başyň göterler göge, Göz gerekdir gözelligin görmäge. «Ylham seýilgähi» atly bir baga Barsam, eždatlarym garaşýar eken. Giň köçeler ýaşaýyşyň şaýady, Hä gije, hä gündiz ýatanok bady, Ne artyk zady bar, ne bir kem zady, Daýym ýalkym saçyp duran nur eken.

Ähli hukuklary goralan.