- 23/10/2023
- 360
BILIM — ÖSÜŞLERIŇ ŞUGLASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň binýadynda hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladasy bar. Nesil terbiýesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar. Ata Watanymyzyň nurly geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, şeýle hem biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýmek bilen, ýaşlary ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar, has-da döredijilikli, täze usullar bilen işlemäge borçlandyrýar. Ýurduň geljegi, ykbaly ylymly, bilimli nesilleriň elinde. Biz — mugallymlar hormatly Prezidentimiziň aladalaryna, bildirýän uly ynamyna jogap edip, ýaş nesliň döwrebap ylym we terbiýe almagy üçin gijämizi gündiz edip, ak ýürekden zähmet çekýäris. Her günki guraýan sapaklarymyzyň gyzykly, täsirli, netijeli bolmagy üçin yhlas edýäris. Bu günki talyp Watanyň mundan beýläk-de ösmegine, güllemegine öz goşandyny goşjak kämil hünärmen bolup ýetişmelidir. Şeýle ýokary netijäni gazanmak üçin milli ýörelgelere eýerip, ylym-bilimi kämil öwrenmeli, ýaşlara döwrebap bilim bermeli. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesliň häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde ýaşlarymyzyň bilim derejeleri ýokarlanýar. Munuň şeýledigini türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde geçirilýän bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamy has-da kämilleşýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ak mermerli ajaýyp mekdepleriň açylyp, ulanylmaga berilmegi, sanly bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagy, onlaýn sapaklarynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!