- 20/10/2023
- 80
ÝAŞLAR!
Belende göteriň ykbalyn halkyň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar! Aý deý şugla saçyň, Gün ýaly ýalkym, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar! «Hatarda ner bolsa ýük ýerde galmaz», Penjäňde eresin topraklar, daşlar, Kalby gorly ýigdiň bady peselmez, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar! Türkmen sarsmaz binýat-gala öwrüldi, Bir suprada taýýar kylynýar aşlar... Pederlerden nusga alan şir bolar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar! Bu gün türkmen çykdy uly dünýäge, «Göwünler, ýürekler, bir bolup başlar...», Görogly deý dogum boluň durşuna, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar! Söýerler dutary, söýerler sazy, Bu toprakda dünýä inen gardaşlar. Ýatladar açylan gülleri, ýazy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!