DOST ÝURDUNA SALAMDAN BAŞLANAN ÝYL

Image
  • 19/10/2023
  • 238

DOST ÝURDUNA SALAMDAN BAŞLANAN ÝYL

Sahawatlylyk, ynsanperwerlik, dostanalyk ýollarynda amala aşyrylýan işler döwürlere, eýýamlara täsirini ýetirýär. Bagtyýarlyk menzillerimiziň alyslara uzamagy ugrunda ajaýyp zamanamyzda beýik geljege gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzyň geriminiň giňemegi bolsa şol tutumly işleriň esasyny emele getirýär. Dürli ugurda hyzmatdaşlygyň uzak ýyllaryň dowamynda yzygiderli alnyp barylmagy, ilkinji nobatda, birek-birege ynamdan, taraplaryň ygtybarlylygyndan habar berýär. Muňa türkmen-hytaý gatnaşyklaryny buýsanç bilen mysal getirmek bolar. Köp ýyllaryň dowamynda Hytaý döwleti Türkmenistanyň söwda boýunça iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Ikitaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklary BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini bellemek gerek. Arkadagly Serdarymyzyň dostlukly ýurda döwlet saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly senä — iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelmegi hem birek-birege goýulýan çäksiz hormat-sarpanyň aňladylmasydyr. Geçen 31 ýylda Hytaý Halk Respublikasy bilen dürli ulgamlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, ulag ulgamynda we energetikada, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň miwelerine, oňyn netijelerine göz ýetirmek bolýar. Strategik ähmiýetli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bolsa deňhukuklylyk, özara bähbitlere düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Amyderýanyň sag kenaryndan gözbaş alýan bu bereket ulgamy barada gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa akdyrylmagy dünýä belli behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy ýaly okgunly we birkemsiz bolmalydyr» diýen sözlerini ýada salýarsyň. Hakykatdan-da, «Asyryň taslamasy» adyny alan bu gaz geçirijiniň gurluşygy Özbegistanyň, Gazagystanyň ymgyr çölleriniň, dag-düzleriniň içi bilen geçende-de gowşamandy. Netijede, ol iki ýyldan sähelçe gowrak wagtyň içinde Hytaýdaky bellenilen çäklere baryp ýetipdi. Hor mat ly Pre z i den t i m i z Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy dostlukly ýurda döwlet saparyndan başlady. Döwletli gadamlarynda ata-babalarymyzyň parasat hazynasyny ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz «Ýyl alajyny ýylyň başyndan görüp başla» diýen halk pähiminden ugur alyp, 5-6-njy ýanwarda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda ýangyç-energetika ulgamynda, sanly ykdysadyýetde, “ýaşyl” ösüş babatda, «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlar boýunça, medeniýet, syýahatçylyk, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, iki ýurduň habar beriş serişdeleriniň arasynda hyzmatdaşlyklaryň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilen resminamalaryň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle-de, dünýäniň iri ylym-bilim ojaklary bilen ýokary okuw mekdeplerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi bizi diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamalara gol çekilmegi bizi örän buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň HHRiň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen, şeýle-de HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Baş­ly­gy Li Çžan­şu bi­len ge­çi­ren duşuşyklarynda gerimi ýylsaýyn giňeýän, dost-doganlyk, birek-birege hormat-sarpa esaslanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegine uly ynam bildirildi. Esasan-da, «Merkezi Aziýa — Hytaý» parlamentara geňeşini döretmek hem-de «Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmek barada aýdylanlar gatnaşyklarda täze sahypalaryň açyljakdygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komitetiň hytaý böleginiň agzalary bilen gepleşikleri geçirdiler. Onda özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, ony iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Hawa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze ýylyň ilkinji günlerinde Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Goý, dostlukly ýollarymyzy dünýä sary uzaldýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ähli hukuklary goralan.