- 14/10/2023
- 395
Bagtyýarlygyň badalgasy
Her ýyly döwrebap atlandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda asylly däbimize öwrüldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hakynda karary ýaşlarda merdana ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp üstünlikler, ajaýyp işler bilen baýlaşdyrmaga bolan jogapkärçiliklerini ösdürdi. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bu mekdebiň halypa-şägirtlik ýörelgesi aýdyň ýol bolup durýar. Bu aýdyň ýol bolsa ýaşlary watançylyk, ýokary ahlaklylyk, Watanymyza we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däpdessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ýaly ynsanperwer garaýyşlaryň gurşawy bilen üstünliklere eltýär. Şu ajaýyp pursatlarda, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys. free porn videos free sex videos