- 08/04/2023
- 7984
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI RUHY HAZYNADYR
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Şahyr her bir ynsanyň kalbynda belent adamkärçilikli ýaşamagyň nusgasy hökmünde kabul edilýär. Şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy. Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar — diýip ýazan şahyryň döredijiligi gymmatly mirasdyr. Köňlündäki iň ýagşy sözleri şygra siňdirip bilmek uly ussatlykdan nyşandyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar, dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik häsiýetlerini kesgitleýär. Olarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, tebigata we janly-jandarlara söýgi, rehim-şepagat bilen garaýyş, ula-kiçä hormat goýmak, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim-parasatlylyk, salykatlylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk hakyndaky pikirler halkyň milli ýörelgesi bilen berk baglanyşdyrylýar. Bu pikirler Watana bolan beýik we synmaz söýgini özünde jemleýär. Jeýhun bilen bahry Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň, Gül-gunçasy, gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Akyldar şahyryň şeýle setirleriniň özi hem watansöýüjilik hakyndaky pikirleriň, Watana bolan söýginiň nusgasyny beýan edýär. Çeper edebiýatda, esasan hem şygyrda şeýle pikirleri beýan edip bilmek, söz baýlyklary bilen baýlaşdyrmak ýokary ussatlykdyr. Söz ussady Magtymguly Pyragy hem çeper edebiýatyň bu ýörelgesini mynasyp ösdürýär, watansöýüjilik bilen şygra siňdirýär. Bu bolsa söz ussadynyň pelsepewi garaýyşlarynyň has-da täsirli bolmagyny üpjün edýär. Şeýle baý many-mazmunly şygyrlar bolsa diňe halkyň dilinde däl, eýsem, bagşylaryň aýdymlarynda hem ýaňlanýar. Söz ussadynyň aýdyma öwrülen setirleri adamlar tarapyndan hem örän täsirlilik bilen diňlenýär. Çünki bu goşgulardaky çuňňur pikirler aýdyma öwrülip, belent heň bolup ýaňlanýar. Bu babatda şahyr hem şeýle belleýär: Magtymguly, sözlerim Saza goşsaň, uz bolar. Magtymgulynyň goşgulary halkyň dilinde hem, aýdym-sazda hem belentden ýaňlanýar. Munuň özi şahyryň ajaýyp döredijiliginiň halkyň ruhy hazynasyna, adamzat kalbynyň owazyna öwrülendigini aýdyň beýan edýär. Şahyryň döredijiliginde il-günüň abadançylygy, rahatlygy, asudalygy watansöýüjilik ruhunda ýaňlanýar. Olarda gözellik, bagtyýarlyk, ýürege ýol salýan ýakymly duýgular jemlenendir. Pyragynyň şygyrlarynda beýik milletiň baky ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri özüniň çuňňur mazmuny bilen saklanyp galypdyr. Adamzat dünýäsi olary kalbynda, aňynda eşrepi ýaly saklap, şu günlere getirdi we röwşen geljege geçirýär. Nesilleri merdana pederlerimiziň, pähim-paýhasly söz ussatlarymyzyň milli mekdebi bilen terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! Begençnazar BAÝLIÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy free porn videos free sex videos