- 27/03/2023
- 759
Sanly ulgamyň gazananlary bilen kämil ösüşe
Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli ýörelgelerimize, dünýä tejribesine daýanyp, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwür dünýä giňişliginde sanly tehnologiýalaryň, maglumat ulgamlarynyň durmuşyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan döwri. Ýurdumyzda soňky ýyllarda sanly maglumat ulgamynyň gerimini giňeltmek we ylmyň soňky gazananlary esasynda maglumat-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek işlerini ýokary depginde dowam etdirmek işleri alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen, sanly tehnologiýalara esaslanýan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ösüş derejesiniň ýokarlanmagyny gazanmaga mümkinçilik döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini görkezýärler. Sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, elektron senagatyny ösdürmek, sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, elektron resminamalar dolanyşygyna dolulygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipeleri hem ileri tutulýar. Bu möhüm wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyny, bu ugurda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň bilim derejesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Innowasion tehnologiýalarynyň ösýän döwründe maglumat howpsuzlygynyň wezipeleri hem barha artýar, jemgyýetiň we döwletiň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmeklik bu ugurda milli standartlaryň girizilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maglumat serişdeleriniň üýtgemegine çalt uýgunlaşyp bilýän ussat bilimli hünärmenler ýurdumyzda işewürligi ösdürmegiň derejesini barha artdyrýarlar. Ylmy we tehnologik ösüşi ýokary hünärli hünärmenleriň bilim derejesi olaryň täze pikirleriniň, ylmy açyşlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär. Maglumat ulgamlaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan şahsyýetler edip kemala getirmekde öňde uly wezipeler durýar. Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän şeýle beýik işleri hem, biz ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ata Watanymyza wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi üçin yhlasly okamaklyga, önjeýli zähmet çekmeklige ruhlandyrýar. Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzyň şeýle bedew batly ösüşdir özgerişleri döwletimiziň alyp barýan köpugurly döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, täze galkynyşyň rowana ýolunda rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär. Çeşme: https://ashgabat.in/2023/03/18/sanly-ulgamyn-gazananlary-bilen-kamil-osuse/