Document

"Akylly" şäher - döwrebap ýaşaýyş

Image
  • 11/12/2022
  • 1554

"Akylly" şäher - döwrebap ýaşaýyş

Eziz Diýarymyzda gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly dürli binalaryň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna, gurluşyklarda ekologik howpsuzlygyň berjaý edilmegine berk talap bildirilýär. Olarda häzirki zamanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şertleriň biri bolup durýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklar bilen yzygiderli tanşyp durmagy, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.

Ine, ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda täze şäherde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak barada aýratyn durlup geçildi. Şunda sanly ulgamyň, «akylly» şäher kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetiniň, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulmalydygy bellenildi. Hormatly Arkadagymyz täze şäherde ýaşajak raýatlaryň ýaşaýyş ýeri boýunça hasaba alnyşynyň elektron görnüşde bolmagyny üpjün etmegiň üstünde toplumlaýyn işlemelidigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, täze tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy arkaly şäherlerde kämil ýaşaýyş-durmuş düzümleri kemala gelýär. Intellektual birikdirme ulgamlarynyň döredilmegi köp amatlyklary döredip, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, çig mal, tehniki we işgärler serişdelerini netijeli  peýdalanmaga, halkymyzyň aň-aýhasyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar. Ine, şular hem döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda üns merkezinde durýan esasy meselelerdir.

Täze merkezde ilatyň durmuşynda möhüm maglumatlaryň görkezilmegine niýetlenen elektron tablolaryň zerur bolan degişli ýerlerde goýulmagyna, köçeleriň atlaryny görkezýän belgileriň yşyklandyryş ulgamyna, nou-haularyň, energiýa tygşytlaýjy serişdeleriň ornaşdyrylyşyna degişli meseleleriň çözülmegine örän oýlanyşykly we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna üns çekildi. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «akylly» şäher diýlip atlandyrylýan iň döwrebap derejäni üpjün etmekde möhüm talaplaryň biridir. 

Jeren HOJAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.