- 11/12/2022
- 1752
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri
Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgam barha rowaçlanýar.
Sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmagyň maddy-tehniki binýady hökmünde, geçen ýyllaryň dowamynda bilim edaralarynda zamanabap kompýuter, multimedia enjamlary üstünlikli ornaşdyryldy. Munuň özi internet ulgamyna birikmäge, dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň, meşhur kitaphanalarynyň elektron kitap gorlaryna çuňňur aralaşmaga ýardam berdi.
Häzirki wagtda ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde uzak aralykdan aralaşmak üçin saýtlar, portallar döredilýär. Olardan peýdalanyp talyp ýaşlar gündelik nazary we tejribe sapaklarynda alýan bilim maglumatlarynyň üstüni özbaşdak doldurmaga, sapakdan daşary, öz gyzyklanmalary boýunça maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar. Bu saýtlar we torlar beýleki daşary ýurt okuw mekdepleri bilen sanly ulgam arkaly birikmäge, özara okuw sapaklaryny we ylmy maslahatlary guramaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň tapgyrlarynyň barşynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Bu bilim portallary elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Şonuň ýaly-da, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Bu ugurdaky işler ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga we netijede ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim bermäge ýardam edýär.
Ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işlerinde üstünlikleri arzuw edýäris.
Arslan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.