Uniwersiadanyň çäklerinde

Image
  • 04/11/2022
  • 102

Uniwersiadanyň çäklerinde

«Türk­me­nis­tan – ru­hube­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly XII uni­wer­sia­da do­wam ed­ýär. Bu ýa­ryş­la­ryň çäk­le­rin­de gu­ra­lan ýe­ňil at­leti­ka­nyň uzyn­ly­gy­na bök­mek hem-de es­ta­fe­ta bäs­le­şik­le­rinde og­lan­la­ryň ara­sy­da Türkmen döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tynyň to­pa­ry 1-nji, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kommu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­tika ins­ti­tu­ty­nyň to­pa­ry 2-nji, Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak ministr­li­gi­niň Be­ýik Sa­par­myrat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky har­by ins­ti­tu­ty­nyň to­pa­ry bolsa 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ýa­ryş­da ins­ti­tu­ty­my­zyň ta­lypla­ryn­dan Mir­haý­dar Sa­pa­row, Ser­dar Bä­şi­mow, Be­genç­my­rat My­ra­dow, Toý­mäm­met Sä­hetmäm­me­dow, Di­dar Te­je­now, Ra­hym Ku­low da­gy­nyň ne­ti­je­li çy­kyş eden­di­gi­ni bel­le­mek gerek. Gyz­la­ryň ara­syn­da çeke­le­şik­li we gy­zyk­ly ge­çen ýa­ryş­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tynyň to­pa­ry 1-nji, Türk­me­nista­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň to­pa­ry 2-nji boldy. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp gyz­la­ry bolsa 3-nji baý­rak­ly or­na my­na­syp bol­du­lar. Gyzlar­dan Ene­jan Ese­do­wa, Aý­lar Ba­ba­mu­rado­wa, Mäh­ri­ban Mu­ra­do­wa, Ar­zy­gül Mäm­met­ber­di­ýe­wa, Gö­zel Ço­pa­no­wa da­gy öz boýdaş­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly çy­kyş et­me­gi ba­şar­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 2022-nji ýy­lyň 23 – 25-nji sentýab­ry ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Sa­mar­kant şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýe­ňil at­le­tika bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň açyk çem­pio­na­ty­na Türk­menis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ha­ta­ryn­da bi­ziň 3-nji ýyl ta­lyp­la­ry­myz Ene­jen Ese­do­wa, Mir­haý­dar Sa­pa­row gat­naşyp, kü­müş me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­gesi­ni ün­de­ýän hem-de mil­li spor­tu­my­zyň hak ho­wan­da­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, ömri uzak bol­sun, tutum­ly iş­le­ri mun­dan beý­läk hem rowaç­lyk­la­ra bes­len­sin!

 

Ta­hyr BER­DI­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we

in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my,

be­den­ter­bi­ýe ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri.

Ähli hukuklary goralan.