Document

IL-ÝURT BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

Image
  • 20/10/2022
  • 767

IL-ÝURT BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar, maksatlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler şu günki ösüşi we röwşen geljegimiziň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň möçberli oňyn özgertmeleriniň netijesinde halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ösüşiň häzirki tapgyry jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ykdysadyýetiň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Jemgyýetimizde sanly ulgamy has-da ösdürmek we bu ugurda gazanylan netijeleri berkitmek boýunça yzygiderli aladalar edilýär.

     Eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiz yzygiderli ösdürilýär, senagat pudaklary döwrebaplaşdyrylýar. Bu babatda uly işleriň durmuşa ornaşdyrylandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy esasynda ýurdumyzyň elektron senagaty döredilip, ol milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän täze ugruna öwrüldi».

     Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, kämil hünärmenleriň döredijilikli işlemekleri ýaly ugurlary öz içine alýar. Şonuň üçin ylmyň gazananlaryndan ugur alyp, geljekde hem täze kärhanalary döretmek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz beýik başlangyçlaryny beýan etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berýär, çünki häzirki ösüşli döwrümizde telekeçileriň iş alyp barmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir». Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, ony döwlet tarapyndan goldamak, maliýe-ykdysady ulgamy durnukly ösdürmek boýunça işleri ýokary depginler bilen dowam etmegiň zerurlygy döwletimiziň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Şu nukdaýnazardan, döwrüň talaplaryna laýyklykda, hususy kärhanalaryň bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürmek ýaly möhüm ugurlardaky işlerini dowam etmegi zerur bolup durýar.

     Döwlet we jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, döwlet edaralarynyň, döwletiň we raýatlaryň arasynda, telekeçilik ulgamynda ýüze çykýan gatnaşyklarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň resmileşdirilen elektron görnüşde, sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen alnyp barylmagy döwrüň talaby bolmak bilen, netijeli «elektron hökümet» ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň zerurlygyny şertlendirýär. Döwlet dolandyryşynda «elektron hökümetiň» ornaşdyrylanlygy we netijeliligi häzirki wagtda ýurduň ösüşini häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir.

     Dolandyryş, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda sanly giňişligiň, şol sanda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi döwlet dolandyryşynyň netijeliligini elektron iş ýörediş we resminama dolanyşyk ulgamyny ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

    Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, kuwwatly ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Aýnagül BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.